"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Türkmen-Owgan demirýolçularynyň iş maslahaty

2020-nji ýylyň 13-nji awgustda “Turkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistan we Owganystan Yslam Respublikasynyň demirýol edaralarynyň orunbasarlary derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Duşuşykda iki ýurt üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokarda agzalan demir ýol şahasynyň gurluşygyndan başga-da, Turgundy-Hyrat demir ýol taslamasyny maliýeleşdirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Demir ýoluň gurluşygy üçin meýilleşdirilen ugrunyň daglyk ýerlerdigini göz öňünde tutup, taraplar bu demir ýoluň gurluşygy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny ýokary derejede taýýarlanylmagynyň zerurlygy barada ylalaşdylar we bu taýýarlanyljak tehniki-ykdysady esaslandyrma taslamanyň maliýe we ykdysady peýdalaryny jikme-jik görkezer. Duşuşygyň ahyrynda owgan tarapy Türkmenistanyň Prezidentine Owganystan Yslam Respublikasynyň demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi we taraplar mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga umyt bildirdiler.