"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda we 5-nji awgustynda Aziýa Ösüş Bankynyň (CAREC) Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň wekilleri bilen ýygnak geçirildi.

“Turkmendemiryollary” agentliginiň edara binasynda Aziýa Ösüş Banky bilen “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini elektrikleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň maliýeleşdirilmegiň meseleleri barada wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölümini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek üçin dürli görnüşleri bilen tanyşdyryş çäresini görkezdiler.

Bu demir ýol arteriýasynyň ähmiýetini belläp, taraplar bu taslamanyň irki durmuşa geçirilmegine umyt bagladylar. Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, lokomotiwleriň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmagyna, ýük we ýolagçy otlylarynyň geçişini we iň ýokary tizligini ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Aziýa Ösüş Bankynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen derňewden soň taraplar bu taslamanyň girdejiligini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bu taslamanyň maliýe we ykdysady meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga doly taýýardyklaryny aýtdylar we türkmen tarapy bu pursatdan peýdalanyň Aziýa Ösüş Bankynyň wekillerine minnetdarlyklaryny bildirdi.