"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DEMIR ÝOL EDARALARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi.

Türkmen wekiliýete ulag ulgamyna jogapkär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Eýran wekiliýetine EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdy.  

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi we geljekki ösüşi babatdaky meseleler, sebitleýin we halkara ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny emele getirmek boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine pandemiýa bilen bagly ýetjek täsiriň öňüni almak üçin bu ulgamda alnyp barylýan çärelere we iş ýüzünde durmuşa geçirilýän hereketlere seredildi.