15 — 16-njy oktýabrda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bu çärelere dünýä ýurtlarynyň birnäçesinden belli kompaniýalar gatnaşar.
Ulag-kommunikasiýa we senagat pudagynyň degişli ministrlikleri hem-de edaralary, ýurdumyzyň şereketleriniň we kompaniýalarynyň onlarçasy, hususy telekeçiligiň wekilleri öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümlerini, hödürleýän hyzmatlaryny görkezer.
«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti, şeýle hem ady agzalan pudaklaryň tapawutlanan işgärlerini çeken päk ýürekli we tutanýerli zähmetleri üçin sylaglamak dabarasy geçiriler.