Türkmenistanda elektrowozlar we elektrik otlularpeýda bolar. Bu Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda elektrifisirlenen demir ýollary döretmek baradaky tabşyrygyndan gelip çykýar.
«Agentligiň ýolbaşçysyna [ulag we kommunikasiýa Mämmethan Çakyýewe] bu pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin elektrifisirlenen demir ýollaryň gurluşygy boýunça degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy» – diýip, TDH anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisine bagyşlanan materialda ýazýar, onda 2022-nji ýylyň jemlerine seredilipdi.
Elektrik otlular (olara köplenç «elektriçkalar»diýilýär), esasan, ýolagçylary şäheriň etraplarynyň arasynda, käbir ýagdaýlarda – welaýatlaryň arasynda gatnatmak üçin niýetlenendir. Elektrifisirlenen demirýollar metrodaky wagonlary hereketlendirmek üçinhem ulanylyp bilner.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag we kommunikasýa Agentliginiň baştutanyna awtoulag serişdeleriniň parkyny adaty ulaglar, şeýle hem elektromobiller bilen doldurmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.