Biz barada

Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumuzyň ulag toplumynyň bäsleşige ukyplydygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artdyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe ulag görnüşleri arkaly (multimodal) ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek maksady bilen "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulunda çykaran №880 belgili Karary esasynda döredildi.

Hyzmatlarymyz

Şertnamalaýyn logistika

Ikitaraplaýyn şertnama esasynda müşderilere ýokary ülňülere laýyklykda hyzmat edilýär

Ekspeditor hyzmatlary

Ýük ugradyjydan ýük alyja eksport ýükleriniň gowşurylmagy üçin logistika hyzmatlary giňişleýin seljerilýär

Multimodal gatnawlary

Müşderilerimiziň ýüklerini ýurdumyzda amala aşyrylýan eksport-import we tranzit ýük daşamalaryny demirýol gatnawlary bilen bir wagtda deňiz, howa we awtoýollary arkaly eýesine gowşurmak hyzmaty

Ýükleri saklamak işleri

Multimodal ýük gatnawlarynda ýükleri portda, beketlerde düşürip, indiki ugurlara ýüklenýänçä saklap bermak

Gümrük işleri we ätiýaçlandyryş

Ýüklenen ýükleriň resminamalarynyň gümrükde talaba laýyk doldurylmagyny we ýüküň howpsuzlygyny üpjün etmek hyzmaty

Hereket edýän düzümi işlemek

Ýük herekede başlan wagtyndan barjak ýerine çenli gözegçilikde saklap, ýük düzüminiň howpsuzlygyny hem-de ýükleriň barmaly nokadyna tiz ýagdaýda ýetmegini üpjün etmek

Biziň salgymyz