DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ MAKSATNAMALAÝYN ÖSÜŞI
23 Ýanwar 2019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolelin, abadan durmuşda ýaşaýan halkymyz ýokary ösüşleri bilen dünýäni haýrana galdyryp, bedew bady bilen öňe barýar. Halkara ülňülerine kybap gelýän ulag geçelgeleri bolan ýollary gurmak Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan baý tejribe bolmak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň halkara ykdysady we medeni gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändiginiň äşgärnamasydyr.

Ýakynda geçirilen nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda demir ýol pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň demir ýollaryny elektrikleşdirmek boýunça işler barada nygtap geçdi. Hakykatdan hem sebitde durnukly ösüşi — halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň esasy ugry bolan demir ýol pudagyny maksadalaýyk we yzygiderli ösdürýär. Demir ýollaryň täze şahalary çekilýär, dürli ähmiýetli ýük we ýolagçy wagonlary, kuwwatly teplowozlar hem-de beýleki tehnikalar satyn alynýar. Pudaga innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze kärhanalar açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudagyň degişli ýolbaşçylaryna Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, sebit we halkara ýollaryny ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini, demir ýol ulaglary bilen amala aşyrylýan gatnawlara aýratyn ünsüň berilýändigi barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de milli Liderimiz Bitarap ýurdumyzda demir ýollary elek- trikleşdirmek boýunça işler bilen baglanyşykly wezipeleri kesgitläp, bu ugurda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Muny bolsa aragatnaşygyň multimodal ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň ylmy-tehnologiýa ugry hökmünde logistikanyň ösdürilmegi, bu ulgama döwrebap inženerçilik çözgütlerini guramaçylyk we usulyýet çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagy ileri tutulýan wezipeleriň hataryna çykarýandygy bilen kesgitlemek bolar. Döwlet Baştutanymyz munuň netijesinde bazar bäsdeşligi şertlerinde ykdysady düşewüntliligiň, çykdajylaryň azaldylmagynyň hem-de ýükleriň çalt ýetirilmeginiň esasy artykmaçlyk bolup durýandygyny belledi.

Görşümiz ýaly, ýurdumyz bedew batly ösüşleri başdan geçirmek bilen döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda ulaglar ulgamyna hem häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagy yzygiderli dowam etdirýär. Bu ugurda “Android” we “iOS” ulgamlary üçin niýetlenen “Demirýol” programmasynyň döredilmegi raýatlarymyz üçin ýurdumyzyň ähli künjegine gatnaýan ýolagçy otlularynyň rejesi bilen tanyşmaga, has takygy, gatnawlaryň ugry, ugraýan we bellenen menzile barjak wagtlary, gatnawyň dowamlylygy ýaly zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda demir ýol ulaglary hyzmatynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, ýolagçylara goşmaça amatlyklary döretmek babatda ýol peteklerini elektron usulda, internet arkaly satuwyny ýola goýmak üçin işler alnyp barylýar.

Goý, ata Watanymyz Türkmenistany gülledip ösdürýän belent başly eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!