Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti
24 Awgust 2018

Şu gün “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti ge­çi­ril­di.

Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy hök­mün­de ka­bul ed­ýän ýur­du­my­za ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew, Türk­me­nis­tan­da döw­let sa­pa­ry bi­len bol­ýan Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­kow, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew gel­di­ler.

Sam­mi­te gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ra asyl­ly myh­man­sö­ýer­lik dä­bi­ne gö­rä, duz-çö­rek hö­dür­le­nil­di we gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­dy.

Şu du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da, 22 — 23-nji aw­gust­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk to­pa­ry­nyň 74-nji mej­li­si, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň iş mas­la­ha­ty hem-de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li giň ge­rim­li me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge we onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, gel­je­gi na­za­ra alyp, Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­ne de­giş­li ýurt­la­ryň oňyn hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­lip, ýö­ri­te iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan kon­sep­si­ýa esa­syn­da Türk­me­nis­tan AHHG-na baş­lyk­lyk edip, bu jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Aral ba­ra­da­ky wa­jyp me­se­le­le­riň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çä­gin­den da­şa­ry çyk­ýan­dy­gy aý­dyň­dyr, şo­ňa gö­rä-de, bu ba­bat­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­mek­de ul­gam­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­r üçin berk bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi ze­rur­dyr.

Bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan yzy­gi­der­li iş­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, BMG-niň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk” di­ýen Re­zol­ýu­si­ýa­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

2008-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na syn­çy de­re­je­si­ni ber­mek ha­kyn­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul eden­di­gi­ni ýat­lat­ma­ly­dy­rys. Mu­nuň özi Aral me­se­le­si­niň äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni hem-de ony çöz­mek üçin hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry­ gö­nük­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny tas­syk­lan wa­ka öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men Li­de­ri­niň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň hem-de öňe sür­ýän anyk baş­lan­gyç­la­ry­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­ler bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.

Türk­me­nis­tan öz ta­ra­pyn­dan Ara­lyň ýa­ka­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy hem-de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we sag­dyn­laş­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne iş­jeň ýar­dam ed­ýär. Bu bol­sa di­ňe bir se­bit däl, eý­sem, äh­lu­mu­my de­re­je­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz yk­dy­sa­dy, dur­muş, yn­san­per­wer we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da iri möç­ber­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ry hem-de tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, bar bo­lan uly tej­ri­bä­ni we dö­re­di­ji­lik­li kuw­wa­ty umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ulan­ma­ga ça­lyş­ýar.

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awa­za” Kong­res­ler mer­ke­zi­ne ta­rap ug­ra­dy. Şol ýe­re be­lent mer­te­be­li myh­man­lar hem gel­di­ler. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­ler­le­ri­niň her bi­ri­ni — fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry “Awa­za” Kong­res­ler mer­ke­zi­niň eý­wa­nyn­da mä­hir­li gar­şy­la­dy.

Sam­mi­tiň res­mi ban­ne­ri­niň öňün­de dä­be öw­rü­len bi­le­lik­dä­ki su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň, AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Ki­çi mej­lis­ler za­ly­na bar­dy­lar, bu ýer­de çäk­li gör­nüş­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li bäşta­rap­la­ýyn du­şu­şyk bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti sam­mi­ti açyp hem-de Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry mü­bä­rek­läp, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ne Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň şu gün­ki du­şu­şy­gy­na be­ren üns­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şu gün ge­çi­ril­jek gi­ňiş­le­ýin gör­nüş­dä­ki du­şu­şyk­da öza­ra gat­na­şyk­lar­da top­la­nan tej­ri­bä, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy­na hem-de Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň giň to­pa­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Çäk­li gör­nüş­dä­ki du­şu­şyk se­bi­tiň gün ter­ti­bi­niň has äh­mi­ýet­li we mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­me­nis­tan Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy bol­mak bi­len, AHHG-nyň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak üçin gel­jek­de hem ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­gi tek­lip ed­ýär. 2017-nji ýyl­dan baş­lap biz gaz­na­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň, onuň Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk ko­mis­si­ýa­sy­nyň hem-de Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň mej­lis­le­ri­ni ge­çir­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Hä­zir­ki sam­mi­te taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şyn­da şu gün­ki du­şu­şy­gyň jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça köp iş­ler ge­çi­ril­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na kö­mek et­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň kon­sep­si­ýa­sy hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň kon­sep­si­ýa­sy ýa­ly res­mi­na­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz gaz­na­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di, bu Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi­niň kon­sep­si­ýa­sy­nyň esa­sy bö­lüm­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin şu gün­ki sam­mi­tiň bar­şyn­da biz şu me­se­le bo­ýun­ça kär­deş­le­ri­mi­ziň pi­kir­le­ri­ni uly hor­mat bi­len diň­le­mek is­le­ýä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Mer­ke­zi Azi­ýa­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­si­ne ýe­ne-de bir ge­zek ün­si çek­di hem-de şu ýy­lyň mar­tyn­da Ga­za­gys­tan­da se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň ge­çi­ri­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bir­nä­çe ýyl mun­dan öň türk­men ta­ra­py se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­na yzy­gi­der­li çe­me­leş­mä geç­mek ba­ra­da pi­ki­ri öňe sü­rüp, bu me­se­lä öz ga­raý­şy­ny be­ýan et­di. Şun­da esa­sy ma­ny-maz­mun se­bit­de öza­ra gat­na­şyk­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­re se­ret­mek bo­ýun­ça ta­kyk gu­ra­lan yzy­gi­der­li iş­ler­de jem­len­ýär.

Oza­ly bi­len, öň tek­lip edi­li­şi ýa­ly, se­bit­de ge­çi­ril­ýän sam­mit­le­re taý­ýar­lyk gör­len­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zil­ýän me­se­le­le­re se­ret­mek üçin, il­ki bi­len, bi­ler­men­le­riň de­re­je­sin­de mas­la­hat­la­ry ge­çir­me­gi ze­rur di­ýip ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Ikin­ji­den, bi­ler­men­le­riň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gün ter­ti­bi­niň ile­ri tu­tul­ýan bö­lüm­le­ri­ni kes­git­le­mek, şeý­le hem mak­sa­dala­ýyk bo­lan ha­la­tyn­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne mö­hüm res­mi­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin mi­nistr­le­riň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek tek­lip edil­di.

Üçün­ji­den, mi­nistr­le­riň mas­la­ha­ty­nyň jem­le­ri­niň, taý­ýar­la­nan gün ter­ti­bi­niň esa­syn­da hem-de bäş­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­lar bo­lan­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ni ge­çir­mek tek­lip edil­di.

Eger şeý­le tej­ri­be ma­kul­lan­sa, on­da gel­jek­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Mas­la­hat be­ri­ji ge­ňe­şi ýa­ly ins­ti­tu­ty dö­ret­mek ha­kyn­da oý­la­nyp bo­lar­dy. Ýo­kar­da be­ýan edi­len kon­sep­si­ýa türk­men ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­di, biz onuň se­re­dil­me­gi­ne çäk­siz ho­şal­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­niň ahy­ryn­da şeý­le çe­me­le­şi­len­de BMG, ÝHHG, GDA ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň ýol­baş­çy­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän sam­mit­le­riň çäk­le­rin­de gep­le­şik­ler sto­lu­nyň ba­şy­na ça­gyr­ma­gyň müm­kin bol­jak­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­ne — Ga­za­gys­ta­n Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ne söz ber­di. Olar öz çy­kyş­la­ryn­da AHHG-nyň gör­nü­şin­de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, ne­ti­je­li se­bit gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ryn­da ola­ry has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň tek­lip­le­ri­ni gol­da­dy­lar.

Sam­mi­tiň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da dür­li ugur­lar­da AHHG-nyň bin­ýa­dyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň tek­lip­le­ri be­ýan edil­di.

Mil­li Li­de­ri­miz be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ry­na ne­ti­je­li we öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen du­şu­şyk üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de hem­me­le­re üs­tün­lik­le­ri we ne­ti­je­li iş­le­me­gi ar­zuw et­di. Bu du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de mej­li­si do­wam et­mek üçin asyl­ly işiň ba­şy baş­lan­dy.

Soň­ra sam­mit Uly mej­lis­ler za­lyn­da AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ni Türk­me­nis­tan­da, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň işi­ne gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gyň ka­bul edi­len­di­gi üçin hem­me­le­re ho­şal­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şu gün­ki wa­ka bi­ziň ýur­du­my­za hor­ma­tyň su­but­na­ma­sy hem-de Aral deň­zi se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­mak is­le­gi­niň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar.

Şu gün­ki du­şu­şyk Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň köpýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gy­nyň my­na­syp do­wa­my bo­lup dur­ýar. Onuň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň kä­bir des­lap­ky jem­le­ri­ni jem­le­mek, oňa umu­my ba­ha ber­mek, bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň tä­ze, anyk ugur­la­ry­ny, AHHG-nyň hal­ka­ra dü­züm­le­ri, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gör­nüş­le­ri­ni kes­git­le­mek, Gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly bo­lan beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys.

Şu gün­ki du­şu­şy­gyň Aral deň­zi me­se­le­le­ri­ni çöz­mek işin­de aý­dyň ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga umu­my is­le­giň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­ýäris diýip, mil­li Li­de­ri­miz sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ry onuň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy.

Bu fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti, il­kin­ji no­bat­da, onuň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň je­bis­li­gi­niň, se­bi­tiň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar. Bu, aý­ra­tyn-da, hä­zir­ki dö­wür­de, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­ti­k hä­si­ýet­li çä­re­ler top­lu­my­ny yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan döw­rün­de has-da mö­hüm­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu gün­ki sam­mit bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­giň bar­şyn­da no­bat­da­ky mö­hüm tap­gyr bo­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Bi­ziň du­şu­şy­gy­my­zyň ýu­bi­leý ýy­lyn­da — Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän döw­rün­de ge­çi­ril­me­gi­niň öz­bo­luş­ly ma­ny­sy bar. 1993-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da AHHG-nyň dö­re­dil­me­gi ze­rur bo­lan iş­le­ri ama­la aşyr­mak ba­bat­da se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň Aral me­se­le­le­ri­ne se­ret­mä­ge gi­riş­mä­ge dü­şün­ýän­di­gi­ni we is­le­ýän­di­gi­ni be­ýan ed­ýän, öz wag­tyn­da ädi­len ädim bol­dy. Bu çöz­gü­diň esas­ly­dy­gy­ny wagt gör­kez­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy Aral pa­jy­ga­sy­nyň eko­lo­gik, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ugurlardaky tä­sir­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra bin­ýat bol­dy.

Ozal Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň AHHG-da baş­lyk­lyk eden dö­wür­le­rin­de Gaz­na­nyň işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly ta­gal­la­lar edil­di, onuň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça çä­re­ler gö­rül­di. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow baş­lyk­lyk eden döw­let­le­re ge­çi­ri­len iş­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri bel­le­di.

Wagt bir ýer­de dur­ma­ýar, şo­nuň üçin Aral me­se­le­le­ri bu gün hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze çe­me­leş­me­le­riň ze­rur­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Türk­me­nis­tan şun­dan ugur al­mak bi­len, 2017 — 2019-njy ýyl­lar­da gaz­na­da baş­lyk­lyk et­mek we­zi­pe­si­ni öz üs­tü­ne al­dy. Biz baş­lyk­lyk et­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dyk, on­da iş­le­riň esa­sy ugur­la­ry, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we do­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň esa­sy ugur­la­ry bel­le­nil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2017 — 2018-nji ýyl­lar­da Aş­ga­bat­da AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň, onuň Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk ko­mis­si­ýa­sy­nyň hem-de Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di, AHHG-nyň Ýe­ri­ne Ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti öz işi­ni yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýar. Şu ýy­lyň few­ra­lyn­da Türk­me­nis­tan­da Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-da baş­lyk­lyk et­me­gin­de Gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň mil­li bi­ler­men­le­ri­ni hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ry çek­mek bi­len, Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na kö­mek et­mek bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň kon­sep­si­ýa­sy taý­ýar­la­nyl­dy di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem gaz­na­nyň çäk­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça he­re­ket­le­ri­niň Se­bit me­ýil­na­ma­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan AHHG-nyň işi­ni ut­gaş­dyr­mak ug­run­da jo­gap­kär­çi­lik çe­kip, Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ha­kyn­da se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Çar­çu­wa­ly kon­sep­si­ýa go­şul­mak işi­ni çalt­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry ed­ýär.

Türk­men Li­de­ri­niň bel­leý­şi ýa­ly, Ara­ly go­ra­mak me­se­le­si­ne içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­ra­lyp bi­lin­mez. Ony üs­tün­lik­li çöz­mek üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze jem­le­nen, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­si, bu işe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2012-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da (Rio+20) Türk­me­nis­tan BMG-niň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy, ony BMG-niň Aral üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dyr­ma­gy tek­lip et­di, ol Aral deň­zi se­bi­tin­de ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak we go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk me­ýil­na­ma­la­ry öz içi­ne alyp bi­ler­di.

Aral deň­zi se­bi­tin­de Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin AHHG-nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ady ag­za­lan mak­sat­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar.

BMG-niň Aral deň­zi üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy gel­jek­de BMG-niň içer­ki suw how­dan­la­ry­nyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin bin­ýat bo­lup bi­ler. Hä­zir şeý­le ýö­ri­te mak­sat­na­ma­nyň kon­sep­si­ýa­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ni, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­ny türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi­ni gol­da­ma­ga hem-de ony iş ýü­zün­de ama­la aşyr­ma­ga ça­gyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam edip, Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ne-de bir baş­lan­gy­jy­na ün­si çek­di. Te­gu şä­he­rin­de (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da türk­men ta­ra­py suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nü­şi hök­mün­de “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny” iler­let­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Ýur­du­myz suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry oý­la­ny­şyk­ly we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­ly äh­li me­se­le­le­riň se­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len yzy­gi­der­li gep­le­şik­le­ri hut şon­da gör­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň bu tek­li­bi hä­zir­ki wagt­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň tö­wek­gel­çi­lik­le­ri azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len gu­ral­la­ry­nyň ge­rek­di­gi­ni bel­le­di. Anyk ýa­zy­lan düz­gün­ler, ter­ti­biň öz­bo­luş­ly ko­dek­si ze­rur bo­lup, onuň äh­li döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­niň na­za­ra alyn­ma­gy­na esas­lan­ma­gy hem-de oza­ly bi­len, adam­la­ryň is­leg­le­ri, ola­ryň ada­ty, asyr­lar­bo­ýy eme­le gel­ýän dur­muş gur­lu­şy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Şun­da suw — dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­na de­giş­li, tu­tuş adam­za­dyň umu­my baý­ly­gy di­ýen dü­şün­je­den ugur al­ýa­rys.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň su­wa bo­lan el­ýe­ter­li­li­gi ada­myň esa­sy hu­ku­gy di­ýip yk­rar et­mek ha­kyn­da baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýar di­ýip bel­le­di. Şeý­le çe­me­leş­mä­niň esa­syn­da suw se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­mak üçin äh­lu­mu­my hu­kuk hem-de ola­ry ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak üçin jo­gap­kär­çi­lik duýýar.

Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de do­lan­dyr­mak, aý­ra­tyn-da, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de suw se­riş­de­le­ri­niň azal­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri na­za­ra al­mak bi­len do­lan­dyr­mak me­se­le­sin­de se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­ýan hu­kuk gu­ral­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi Mer­ke­zi Azi­ýa­da mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan tä­ze hu­kuk gu­ral­la­ry ha­kyn­da me­se­lä ýa­kyn wagt­da se­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ynam bil­dir­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri bi­len ýa­kyn we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip hem-de 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk» di­ýen Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň taý­ýar­lanan­dy­gy­ny we yla­la­şy­lyp ka­bul edi­len­di­gi­ni ýat­la­dyp, bu res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gin­de be­ren gol­daw­la­ry üçin döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Re­zol­ýu­si­ýa­da BMG we AHHG ul­ga­my­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň we ut­gaş­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di hem-de BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­na, ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ra we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ra, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň mak­sat­na­ma­la­ry­na we gaz­na­la­ry­na, hal­ka­ra ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­na Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­le­ri tek­lip edil­di. Şeý­le hem gaz­na ta­ra­pyn­dan BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň ha­sa­ba­ty üçin her ýyl­da mag­lu­mat­la­ryň be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu Re­zol­ýu­si­ýa­nyň äh­mi­ýet­li­li­gi aý­dyň­dyr. Onuň baş mak­sa­dy Ara­ly ha­las et­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len has ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk et­me­gi üçin şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, türk­men Li­de­ri nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­tan se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra alyp hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň esa­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne ga­ral­ma­gy hem-de ola­ryň çö­zül­me­gi ug­run­da he­mi­şe çy­kyş edip, bu me­se­le­ler­de di­ňe se­bit­le­ýin yla­la­şy­gyň ga­za­nyl­ma­gy­nyň ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar üçin ýe­ke-täk ka­bul eder­lik­li usul bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny dog­ry ha­sap ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.

Şun­da suw we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ýo­la go­ýul­ma­gy mil­li de­re­je­de iş alyp bar­ma­gyň de­giş­li ýag­daý­la­ry­na pug­ta da­ýa­nyl­ma­ly­dyr. Bu­lar bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän, bi­ri-bi­rin­den bö­lüp bol­ma­ýan iş­ler­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de şun­da her döw­le­tiň öz eýe­le­ýän or­nu­na we jo­gap­kär­çi­li­gi­ne do­ly de­re­je­de dü­şün­me­li­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz dür­li pu­dak­lar­da mil­li me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, ola­ry Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa dü­züm bö­lüm­le­ri, hu­su­san-da, suw se­riş­de­le­ri­niň has oňaý­ly peý­da­la­nyl­ma­gy bi­len he­mi­şe la­ýyk ge­tir­ýär. Suw­dan oý­la­ny­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny sak­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len ys­ny­şyk­ly ara­bag­la­ny­şyk­ly­dyr hem-de äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da su­wa­ryl­ýan eke­ran­çy­lyk­da, gur­lu­şyk­da hem-de gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ry ulan­mak­da döw­re­bap suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň uly tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Iri möç­ber­li suw ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi oba ho­ja­ly­gy ul­ga­my­ny ne­ti­je­li ös­dür­mä­ge, dä­nä­niň, pag­ta­nyň hem-de beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Türk­me­nis­tan­da ila­ty agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da­ky baş mak­sat­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Onuň çäk­le­rin­de tä­ze suw aras­sa­laý­jy za­wod­lar gu­rul­ýar we ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri na­za­ra al­nyp, de­ňiz su­wu­ny süý­jet­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

“Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň bi­rin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len ýa­şal­ýan ýer­ler­den şor we zeý suw­la­ry sow­ýan aka­ba­lar ýe­ke-täk bir suw ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­di. Bu örän tä­sin ul­gam bo­lup, onuň bi­len aý­dyň ta­nyş­mak bol­ýar. Hä­zir, ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe ýyl ge­çen soň, te­bi­gy bio­lo­gi­k ýag­daý­la­ryň ne­ti­je­sin­de suw ka­bul eder­lik­li ka­da­la­ra çen­li aras­sa­la­n­dy, ol ýer­de ösüm­lik­ler hem-de ba­lyk­la­ryň we guş­la­ryň uly möç­be­ri peý­da bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, el­ bilen dö­re­di­len bu kö­lüň, as­lyn­da, örän çyl­şy­rym­ly gid­ro­teh­ni­ki ul­ga­myň bi­na edil­me­gi, bar bo­lan eko­lo­gi­ýa, yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Aral me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ba­bat­da çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu mak­sat­lar üçin bi­ziň ýur­du­myz­da hal­ka­ra dü­züm­le­riň gat­naş­ma­gyn­da, şol san­da ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­le­ri hem bir­leş­dir­ýän çä­re­le­riň top­lu­my iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy hem-de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. My­sal üçin, di­ňe soň­ky 20 ýyl­da “Gök gu­şak” mil­li mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da 90 mil­lion­dan gow­rak bag ekil­di.

Umu­man, gaz­na­nyň iş­le­me­gi­niň 25 ýy­lyn­da ýur­du­myz­da bir­nä­çe gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ryň, suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­dy, Aral me­se­le­si­niň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len te­bi­ga­ty go­ra­ýyş, eko­lo­gi­ýa we beý­le­ki çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy­lar bo­lup dur­ýan döw­let­le­riň äh­li­si­ni Ara­ly ha­las et­me­giň yn­san­per­wer mak­sat­la­ry­na, Aral me­se­le­si­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak hem-de Aral ýa­ka­syn­da eko­lo­gi­ýa, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ýag­daý­la­ry go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­mä­ge, bu ugur­da ys­ny­şyk­ly se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe yg­rar­ly­dy­gy­na ynan­dyr­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­we söz ber­di.

Dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny şu gün­ki du­şu­şy­gyň Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra Gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň çuň­ňur ma­ny­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, bu mö­hüm umu­my se­bit meý­dan­ça­sy­nyň he­re­ket edip baş­lan il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Aral deň­zi se­bi­ti­niň we Aral­ ýa­ka­sy­nyň çyl­şy­rym­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy, suw ho­ja­lyk we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

AHHG hal­ka­ra de­re­je­­de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýar. Bi­ziň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­myz gaz­na­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da syn­çy­nyň de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­na ýar­dam et­di di­ýip, Pre­zi­dent Nur­sol­tan Na­zar­ba­ýew bel­le­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ser­he­tüs­ti suw se­riş­de­le­ri­niň se­bi­tiň halk­la­ry­nyň umu­my baý­ly­gy we bäh­bi­di bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Ga­za­gys­ta­nyň Li­de­ri äh­li döw­let­ler ta­ra­pyn­dan çöz­güt­le­riň iş­jeň göz­len­ýän­di­gi­ni, ne­ti­je­li pi­kir­le­riň we anyk tas­la­ma­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň bel­leý­şi ýa­ly, şu gün­ki du­şu­şyk hal­ka­ra de­re­je­­dä­ki şan­ly wa­ka bo­lup, suw se­riş­de­le­ri­ni we eko­lo­gi­ýa­ny peý­da­lan­mak me­se­le­le­rin­de se­bit­de bir­leş­mek işi­ne tä­ze iter­gi be­rer. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sam­mit­de tä­ze ugur­lar we we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di, ola­ryň çö­zül­me­gi Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa, bi­le­lik­dä­ki saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew Ga­za­gys­ta­nyň se­bit­de hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de yzy­gi­der­li we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup gal­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow maz­mun­ly çy­ky­şy üçin ga­za­gys­tan­ly kär­de­şi­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wa söz ber­di.

Gyr­gy­zys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy hem-de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi üçin türk­men Li­de­ri­ne ýe­ne bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow dur­nuk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ýan se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň oňyn dep­gin­le­ri­ni bel­läp, şeý­le bir­leş­me­den äh­li ýurt­la­ryň bäh­bit ga­zan­ýan­dy­gy­ny, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň bol­sa, dün­ýä­niň dur­nuk­ly we ös­ýän se­bit­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny ne­ti­je­li çy­ky­şy üçin Gyr­gyz Li­de­ri­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­na söz ber­di.

Tä­jik Li­de­ri çy­ky­şy­nyň bar­şyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da 25 ýyl mun­dan ozal ka­bul edi­len çöz­gü­diň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, AHHG-nyň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de Aral deň­zi se­bi­ti­niň me­se­le­le­ri­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ün­sü­ni çek­mek hem-de se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, he­ma­ýat­kär ýurt­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, şol me­se­le­le­ri çöz­mek üçin tas­la­ma­la­ry, mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga se­riş­de­le­ri gö­nük­dir­mek ba­şart­dy.

Tä­ji­gis­ta­nyň AHHG-nyň işi­niň äh­li ugur­la­ryn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra hem-de öza­ra bäh­bit­li se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len, Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mon öň­de goý­lan mak­sat­la­ry ga­zan­ma­gyň bäh­bi­di­ne döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň gel­jek­de hem üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ma­ny­ly çy­ky­şy we on­da aý­dy­lan tek­lip­ler üçin ýo­ka­ry de­re­je­li tä­jik myh­ma­ny­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we söz ber­di.

Öz­bek Li­de­ri öz çy­ky­şyn­da gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň on ýy­la go­laý ara­kes­me­den soň geç­ýän hä­zir­ki ta­ry­hy mej­li­si­niň gu­ra­ma­nyň işin­de tä­ze sa­hy­pa­ny aç­jak­dy­gy­ny, Mer­ke­zi Azi­ýa­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­ga kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Bu gün biz hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge pug­ta taý­ýar­dy­gy­my­zy ýe­ne-de tas­syk­la­ýa­rys di­ýip, Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bel­le­di.

Aral me­se­le­si­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň höt­de­sin­den gel­mek hem-de Aral ýa­ka­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry go­wu­lan­dyr­mak, umu­my bäh­bit­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, se­bi­tiň suw we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny AHHG-nyň bu ugur­da ýe­ke-täk se­bit gu­ra­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny hem-de hä­zir ýurt­la­ry­my­zyň gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li gu­ra­ly­na öw­rü­lip bil­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny öz­bek myh­ma­ny­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, eden çy­kyş­la­ry üçin da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den sagbol­sun aýt­dy.

Şu gün ge­çi­ri­len pi­kir alyş­ma­la­ryň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de gel­jek­de bi­le­lik­de iş­le­mä­ge ugur­la­ry kes­git­le­mek üçin oňat esas bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne, aý­dy­lan ne­ti­je­li tek­lip­le­riň bol­sa ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iş ýü­zün­dä­ki anyk ädim­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sam­mi­tiň işi­niň ta­mam­lan­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di.

Sam­mi­tiň işi­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy ka­bul edil­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ni tes­wir­läp, il­kin­ji no­bat­da, gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şan­dyk­la­ry, anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ym­tyl­ma­la­ry­ny we ne­ti­je­li çe­me­leş­me­le­ri­ni gör­ke­zen­dik­le­ri üçin da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Hä­zir­ki mej­li­siň ne­ti­je­le­ri­ne ba­ha be­rip, onuň öza­ra dü­şü­niş­mek we açyk­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çen­di­gi­ni, örän ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek di­ýip, türk­men Li­de­ri aýt­dy. AHHG-nyň işi­niň dür­li ugur­la­ry, hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry­ny na­za­ra alyp, ony kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­me­giň ugur­la­ry we gel­je­gi jik­me-jik ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Sam­mi­tiň bar­şyn­da AHHG bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, oňa ul­gam­la­ýyn we uzak­ möh­let­li hä­si­ýet ber­me­giň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, şu ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da” di­ýen Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len, şu­nuň ýa­ly gat­na­şyk­lar anyk maz­mu­na eýe bol­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­tan bu res­mi­na­ma­nyň äh­li düz­gün­le­ri­niň ta­kyk we öz wag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

AHHG-nyň hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da Aral me­se­le­si­niň BMG-niň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­na çy­ka­ryl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Bu tek­lip bi­len Türk­me­nis­tan 2012-nji ýy­lyň iýu­nyn­da Rio-de Ža­neý­ro­da (RIO+20) dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da çy­kyş edip­di. Biz ony BMG-niň Aral üçin Ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dyr­dyk. Ol özün­de Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de ýag­daý­la­ry dur­nuk­laş­dyr­mak we go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk me­ýil­na­ma­la­ry jem­läp bi­ler­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Biz şeý­le hem suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nü­şi hök­mün­de “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň” öňe iler­le­dil­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýä­ris di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny sö­zü­ni do­wam et­di hem-de şeý­le gat­na­şyk­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­bat­da mö­hüm bo­lup dur­ýar di­ýip bel­le­di.

Suw we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gö­nü­den-gö­ni Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu ba­bat­da türk­men ta­ra­py­nyň eýer­ýän ýö­rel­ge­si üýt­gew­siz bol­ma­gyn­da gal­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Bi­ziň ýur­du­myz bu me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi, bi­rin­ji­den, hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry esa­syn­da; ikin­ji­den, se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bi­di­ni na­za­ra al­mak bi­len; we üçün­ji­den, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýär.

Umu­man, sam­mit bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň Aral me­se­le­si­ni çöz­mek­de hem-de se­bit­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň giň, äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki deň­hu­kuk­ly we hor­mat goý­mak hyz­mat­daş­ly­gy­na pug­ta gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni gör­kez­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Bu gün hem­me­ler ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­lik, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň wa­jyp­dy­gy­na dü­şü­nil­ýän­di­gi, şeý­le hem mö­hüm eko­lo­gi­ýa, dur­muş-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer me­se­le­le­ri çöz­mek ba­bat­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň mak­sat­la­ry­nyň hem-de bäh­bit­le­ri­niň umu­my bo­lup dur­ýan­dy­gy­na dü­şü­nil­ýän­di­gi gör­ke­zil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny du­şu­şy­ga iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry üçin AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Pre­zi­dent­le­ri­ne ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­di­rip, hä­zir­ki sam­mi­tiň üs­tün­lik­li iş­le­me­gi­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny go­şan äh­li ýurt­la­ryň bi­ler­men­le­ri­ne, hü­när­men­le­ri­ne, dip­lo­mat­la­ry­na hem min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çen du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aý­dyp, şu sam­mi­te ça­ky­lyk, myh­man­sö­ýer­lik we onuň aja­ýyp gu­ra­lan­dy­gy üçin türk­men kär­de­şi­ne çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di.

Goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny pur­sat­dan peý­da­la­nyp, şu gün­ler bel­le­nil­ýän nu­ra­na baý­ram­çy­lyk — Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­la­dy.

Şu gün Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ha­ky­ky yk­bal äh­mi­ýet­li du­şu­şy­gyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni nyg­tap, Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew adam­za­dyň ta­ry­hyn­da iň iri eko­lo­gi­ýa he­läk­çi­li­gi bo­lup dur­ýan giň möç­ber­li Aral me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aral me­se­le­si­niň çö­zül­me­gi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki de­giş­li dü­züm­le­riň gol­da­ma­gyn­da umu­my ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da yla­laş­dy­lar, ýa­ra­maz­ly­gyň tä­sir­le­ri­ne höt­de gel­mä­ge, Aral deň­zi­niň se­bi­tin­de yl­my we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy, suw-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly ulan­ma­gyň esa­syn­da eko­lo­gi­ýa­nyň sag­dyn­laş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li tek­lip­ler aý­dyl­dy. Bu hem ka­bul edi­len Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­ler umu­my dü­şün­je, öz­bo­luş­ly mil­li­lik mah­sus bo­lan ýa­kyn goň­şu­lar­dyr. Mu­nuň özi halk­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy üçin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny şert­len­dir­ýär, mu­nuň üçin ta­rap­lar de­giş­li çä­re­le­ri gör­ýär­ler di­ýip, ga­zak Li­de­ri bel­le­di.

Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny Aral me­se­le­si ba­bat­da ge­çi­ri­len çyn­la­kaý, giň ge­rim­li ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra ka­na­gat­lan­ma, şeý­le hem mun­dan beý­läk AHHG-nyň sam­mi­ti­niň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na umyt bil­di­rip, mö­hüm wa­ka hök­mün­de hä­zir­ki fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy hem-de ne­ti­je­li iş­le­mä­ge dö­re­di­len şert­ler üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra çy­kyş eden Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow döw­let sa­pa­ry bi­len Türk­me­nis­ta­na gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy hem-de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­ga tek­li­bi üçin türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy Mer­ke­zi Azi­ýa­da sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär, suw-ener­ge­ti­ka gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça de­giş­li yla­la­şyk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär di­ýip, dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny bel­le­di.

Şu gün sam­mi­tiň bar­şyn­da AHHG-nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da Gyr­gy­zys­ta­nyň ga­raý­şy be­ýan edil­di di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man çäk­li gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

“Ara­ly ha­las et­mek üçin bi­ziň umu­my mak­sa­dy­my­zyň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň äh­li­si­niň bäh­bit­le­ri­ni we is­leg­le­ri­ni deň na­za­ra al­mak bi­len, gaz­na­nyň we onuň eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar” di­ýip, Pre­zi­dent Soo­ron­baý Žeen­be­kow bel­le­di.

Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny sö­zü­niň ahy­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, suw-ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Gyr­gy­zys­ta­nyň açyk bo­lup gal­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň mej­li­si­niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri çöz­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ba­gyş­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di.

Bi­ziň döw­let­le­ri­miz se­bi­tiň ekoul­ga­my­nyň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy üçin gel­jek­ki ne­sil­le­riň öňün­de öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ne aý­dyň dü­şün­ýär­ler di­ýip, tä­jik Li­de­ri gaz­na­nyň öňün­de dur­ýan uly we­zi­pe­le­re ün­si çek­di, ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, äh­li ta­rap­la­ryň hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň ys­ny­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär.

Tä­ji­gis­tan gaz­na­nyň işi­niň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge we öza­ra bäh­bit­li se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin he­mi­şe açyk­dyr di­ýip, Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mon bel­le­di.

Do­gan­lyk döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny soň­ky wagt­da se­bit­de giň ge­rim­li me­se­le­ler bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň oňyn me­ýil­le­ri­niň gö­ze il­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Se­bit­le­ýin suw ho­ja­lyk we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li ga­ra­ýyş­la­ry ru­hu­be­lent­lik dö­red­ýär di­ýip, tä­jik Li­de­ri suw-ener­ge­ti­ka we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­riň oý­la­ny­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni ga­zan­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mon ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak hem-de te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri azalt­mak ýa­ly ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Se­bi­tiň ila­ty­nyň ösü­şi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ol suw se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­riň art­ma­gy­na ge­ti­rer. Bu bol­sa ýurt­la­ry­my­zy suw bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça is­len­dik me­ýil­na­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry düz­mek üçin esa­sy ýag­daý bo­lup dur­ýar.

Pre­zi­dent Emo­ma­li Rah­mon sö­zü­niň ahy­ryn­da bi­le­lik­de ös­me­giň we hyz­mat­daş­lyk et­me­giň asyr­lar­dan gel­ýän däp­le­ri­ne da­ýa­nyp, ýurt­la­ry­my­zyň öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin hem­me ze­rur iş­le­ri ama­la aşy­ryp bil­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­di.

Öz no­ba­tyn­da, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti ýo­ka­ry de­re­je­li bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aý­dyp, ta­ry­hy sam­mit üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Bu du­şu­şyk Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bi­tiň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­re tä­ze­çe çe­me­leş­me­gi­niň anyk my­sa­ly­dyr.

Öz­bek Li­de­ri­niň aý­dy­şy ýa­ly, şu gün çäk­li we gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de ge­çi­ri­len mej­lis­ler­de örän açyk, anyk we yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da gep­le­şik­ler geçiril­di, anyk iş­le­re geç­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy.

Aral he­läk­çi­li­gi­niň me­se­le­si düýp­li oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri ta­lap ed­ýär. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len hem-de ta­rap­la­ryň ýy­gy-ýy­gy­dan du­şuş­ma­ga umu­my pi­ki­ri­niň we me­ýil­le­ri­niň bar­dy­gy­ny nyg­tap, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ has-da ös­dür­mek­de hem-de sam­mit­de aý­dy­lan tek­lip­le­ri iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak­da AHHG-a baş­lyk­lyk ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň we hut türk­men Li­de­ri­niň bir­leş­di­ri­ji we ut­gaş­dy­ry­jy or­nu­ny bel­le­di.

Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me­gi­ni ta­mam­lap, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma hem-de ola­ryň ýa­kyn gel­jek­de anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Sam­mi­tiň mak­sat­na­ma­sy ta­mam­la­nan­dan soň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne myh­man­sö­ýer­lik üçin ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de mä­hir­li hoş­la­şyp, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­den ug­ra­dy­lar.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­ba­da gaý­dyp gel­di, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de mil­li Li­de­ri­mi­zi res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.