DEMIR ÝOL ULGAMY - 2018
21 Декабрь 2018

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir bereketli ýyly – “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly taryhyň gatlaryna siňip barýar. Tamamlanyp barýan 2018-nji ýylda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly ösüşlere eýe boldy. 2018-nji ýylda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulaglar pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulaglar we aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işleriň turuwbaşdan örän oýlanyşykly alnyp barlandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu barada “Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýdypdy. Döwlet Baştutanymyzyň logistik strategiýasynda bu ileri tutulýan ugurlar häzirki wagtda has aýdyň görünýär. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryndan netijeli peýdlanmak arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär.

2018-nji ýyl demir ýol ulaglary pudagynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen Täze ýyly garşylamak dabaralary Çanşa-Altynköl-Bolaşak-Serhetýaka-Akýaýla-Inçeburun-Tähran ugry boýunça ýöreýän ýük düzümini ugratmak dabaralary bilen utgaşdy. Bu waka Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesine täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde möhüm ähmiýetiň berilýändiginden nyşandyr. Bu ýoluň işlemegi daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga hem-de sebitde we yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze kuwwatlyklaryny açmaga ýardam edýär. Dostlukly ýurtlaryň dördüsiniň ulag-logistika düzüminiň mümkinçiliklerini barlaýan ilkinji ýük düzümi 4-nji ýanwarda Gazagystanyň Altynköl serhetýaka menziline gelip ýetdi, 7-nji ýanwarda bolsa Türkmenistanyň serhetlerine ýetip, bu ýerde, Serhetýaka menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. Soňra ol Balkan welaýatynyň günorta künjeginde ýerleşen Akýaýla menziline çenli 825 kilometr ýoly geçip, Eýranyň çäklerine çykdy.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak dabaralary bilen birlikde, Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralayň geçirilmegi hem demir ýol ulgamynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurulmagy hem-de işe girizilmegi ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň, Türkmenistanyň Owganystanyň asuda ösmegine, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletleriň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu polat ýoluň gurluşygyna milli Liderimiziň hut özi badalga beripdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň esasy şertleriniň birine öwrülýär. Bu babatda ýol gurmagy gadym döwürlerden bäri asylly iş hasaplap gelýän türkmen halky bu däbini mynasyp dowam edip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edilmegi hem biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde ýokary abraýa eýedigini subutlandyrýan waka boldy. BMG-niň ÝYK –niň içerki ulag boýunça Komiteti (IUK) BMG-niň hökümetara edarasy bolup, awtomobil, demir ýol, ulaglaryň içerki suw görnüşleri, şeýle hem Ýewropa yklymynda utgaşdyrylan gatnawlar ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýär. Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümine girizilmegi biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýändigini dünýä bileleşiginiň ykrar edýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr

Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk işgärleriniň gazanan üstünliklerini, çekýän halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrýan hünär baýramynyň - Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününiň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýylda ilkinji gezek bellenmegi hem aýratyn şanly waka hökmünde ulalar we aragatnaşyk işgärleriniň kalbynda orun aldy. Çünki, ýurdumyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna ulaglar we aragatnaşyk toplumy saldamly goşant goşýar.

Mart aýynda Aşgabat — Türkmenabat — Kerki we Aşgabat — Bereket — Etrek ugurlary boýunça wagyz-nesihat demir ýol ulaglarynyň ýurdumyza syýahat etmegi hem geçip barýan ýylyň dowamynda ýatdan çykmajak wakalaryň biridir. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çärelerine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar kerwen ýollarynyň ugrundan çekilen döwrebap polat ýollar bilen baryp, diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny, ylmy-tehniki we senagat taýdan ösüşler bilen birlikde bu şöhratly ýerlere gelýän täze durmuşy gözleri bilen gördüler.

Bütindünýä saglyk güni bellenilýän günde Türkmenabat şäherinde ajaýyp “Beýik Ýüpek ýoly” binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň golaýyndaky töwerekleýin estakadanyň merkezinde gurlan 28 metrlik binany Ýer şaryny alamatlandyrýan gurluş bezeýär. Onda ýurdumyzyň halkara ulag ugurlary — awtomobil, demir ýol, suw we howa ýollary öz beýanyny tapýar.

Maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum uly  dabaralara beslenip geçirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Bu foruma gatnaşan döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlarynda geçelgeleri we halkalary baglanyşdyrýan esasy uly ýollaryň ugry boýunça milli infrastrukturanyň has-da giňeldilmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.

9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykyp, “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady. Bu konteýner ýük düzümi kesgitlenilen wagt boýunça “Horgos” (HHR) — “Altyn Kol” (Gazagystan) beketleriniň çatrygynda hytaý-gazak serhedinden geçdi we hereketini dowam edip, “Bolaşak” bekedine ýetdi, ol bu ýerde “Serhetýaka” bekediniň golaýynda gazak-türkmen serhedinden geçdi. Habar berlişi ýaly, ýük düzümi ýurdumyzyň çägi boýunça 700 kilometr ýoly bellenilen wagtdan bir gije-gündiz öň geçdi, munuň özi täze häzirki zaman demir ýollarynyň gurulmagy hem-de beketleriň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy, olaryň hataryna “Bereket” saýpallaýyş bekedi hem girýär, bu ýerde iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen lokomotiw depo ýakynda ulanmaga berildi. Ýük düzümi “Akýaýla” (Türkmenistan) — “Inçeburun” (EYR) beketleriniň golaýynda ýurdumyzyň günortasynda döwlet serhedinden geçdi.

Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar. www.railway.gov.tm. internet-saýtynyň döredilmegi demir ýol ulaglaryndan peýdalanýanlar üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 2018-nji ýylyň ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, ýolagçy gatnawlarynyň onlaýn-tertipnamasy elýeterli boldy. Şeýle hem, maglumatlara girmek üçin aňrybaş ýeňillikleri döretmek maksady bilen “Demir ýol” ady bilen Android we iOS binýadynda ykjam telefonlar üçin ýörite gollanmalar işlenip taýýarlanyldy. Ol türkmen, iňlis we rus dillerinde ýolagçylara gatnawlaryň ugry bilen tanyşmaga onlaýn-tertibinde mümkinçilik berýär. Şeýle hem müşderilere edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Kerwen” myhmanhanasynda demir ýol peteklerini satýan ýörite bölüm açyldy. Munuň özi myhmanhanada dynç alýan syýahatçylara islendik wagty petek satyn almaga ýa-da ony çalşyrmaga kömek edýär.

21-nji noýabrda türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Parahatçylyksöýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan ýurdumyz Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýar. Türkmenistan dostlukly döwlete döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmaga ägirt uly goldaw berýär. Bu günki Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometr bolan goşmaça demir ýol şahasynyň düýbüniň tutulmagy hem türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda öz beýanyny tapdy.

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministrleri gatnaşdy. Bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän maslahat “Lazurit” halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini (“Lapis Lazuli”) döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge özüne Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini birleşdirýän giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Bu wakadan sähelçe gün geçensoň, ýagny 17-nji dekabrda paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. Islendik gyzyklanma bildirýän ýurt bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek, iň derwaýysy bolsa özara peýdaly esasda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Owganystan Yslam Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr ugradylmagy munuň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär. Türkmen-owgan serhedinden geçip, Aşgabada gelen ýük kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugur aldy, şol ýerden bu ýükler gämi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna geçiriler, soňra Gruziýanyň çägi bilen Türkiýä baryp ýeter. Häzirki zaman ulag düzüminiň gurluşygy we “Lazurit” geçelgesiniň doly güýjünde hereket etmegi haryt öndürijileriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan polat ýollary arkaly, özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan polat ýollary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn! Ýe­tip gel­ýän Täze ýyl baýram­yňyz gut­ly bol­sun! Täze 2019-njy ýyl hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da abadan­çy­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de we bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan ýurdu­my­za rys­gal-be­re­ket, döw­let­li döw­ran ge­tir­sin!