DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Bildiriş

Türkmenistanyň demirýollarynyň üsti bilen raýatlaryň howpsuz gatnawyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine wajyp bolan ýükleri daşamak, şeýle hem halkara häsiýetli ýükleri ýurdumyzyň içinden üstaşyr daşamak «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkinji we möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagt Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň atalyk aladasynyň esasynda, ýurdumyzyň demirýol pudagyny ösdürmekde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär.

Jemgyýetiň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmekde ýokarda görkezilen wezipeleri birkemsiz we göwnejaý ýerine ýetirmek maksady bilen, Jemgyýetiň iş önümçiligine zerur bolan harytlary (önümleri, hyzmatlary, işleri) isleg bildirýän ýerli kärhanalar we telekeçiler tarapyndan üpjün edilmegi üçin harytlaryň (önümleriň, hyzmatlaryň, işleriň) atlandyrmalaryny we mukdaryny (göwrümini), şeýle hem görkezilen wezipeler bilen bagly beýleki soraglary anyklamak üçin «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň edara binasynyň 1-nji gatyndaky 55-57-nji belgili iş otaglaryna ýüzlenip bilerler.

           Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-31-04; 38-34-78; 38-32-31; 38-36-00;       38-32-70; 38-40-27 faks 38-31-03.