Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny
amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat
Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip
bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.
Bular barada sişenbe güni Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara
arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatda “Türkmendemirýollary” agentliginiň
başlygy Azat Atamyradow gürrüň berdi.
-Türkmenistan sebitiň içersindäki ulag gatnawlarynyň amala aşyrylmadyk
mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly,
ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp baryp,
ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek babatda tagallalary
birleşdirýär-diýip, Atamyradow belledi.
Şu maksat bilen Türkmenistanda hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykalgasy
bolmak bilen, Merkezi Aziýa—Hazar-Gara deňiz sebiti, şeýle hem Merkezi
Aziýa—Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-üstaşyr hem-de aragatnaşyk
ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça iş topary
döredildi.
Ozal ylalaşylan ugurlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işler depginli
alnyp barylýar, şol ugurlaryň hatarynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-
Katar, Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi ugurlary we beýlekiler bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli demir ýol ulgamy sebitiň ýurtlary bilen
baglanyşdyrylandyr diýip, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy gürrüň
berdi. Ol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gazagystan-
Türkmenistan-Eýran uly demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berlendigini belledi. Bu
ýoluň açylmagy netijesinde, Hytaýdan konteýner ugurlarynyň biri işe girizildi.
Ulag ulgamynda bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge
ymtylyp, Türkmenistan ulag pudagynyň ähli düzümleri bilen bilelikde, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen
milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar.
Şeýle hem Atamyradow Türkmenistanyň sebitdäki goňşular üçin amatly şertlerde
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň
mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, bu portuň Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň önümleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýäniň, Ýakyn we
Orta Gündogaryň bazarlaryna eksportyny üpjün etmäge ukyplydygyny beýan etdi.