YHG-nyň sebitindäki ykdysady gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem halkara
garyşyk ýük gatnawlarynda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin türkmen tarapy bu
başlangyjy öňe sürdi.
Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda howply harytlaryň, barlag nokatlarynyň,
awto we demir ýollaryň kartalarynyň bitewi sanawyny döretmegiň maksadalaýyklygy
barada aýdyldy.
Ýük akymlaryny artdyrmak, gurama agza ýurtlaryň ulag-logistika birleşikleriniň
we assosiasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Taraplar
bir aýyň içinde YHG-nyň Sekretariatyna hyzmatdaşlyk hakynda umumy ylalaşygy
gazanmak mümkinçiligini göz öňünde tutup, öz milli ulag-logistika birleşikleri we
assosiasiýalary barada maglumat bererler.
Iş toparynyň gün tertibiniň 2-5-nji meseleleri boýunça kabul edilen kararlaryň
Taraplar tarapyndan ýerine ýetirilişiniň netijeleri boýunça ýygnalan maglumatlary
diplomatik kanallar arkaly agza ýurtlara ibermegi YHG-nyň Sekretariaty öz üstüne
alýar.