DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri

Adamlary, ýurtlary we yklymlary birleşdirýär: Aşgabat forumynyň gün tertibinde – ulag

Sanlyja günden başlanýan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň   400-den gowragy hasaba alyndy.

  Bu iri halkara forumy 18-19-njy iýulda Aşgabatda geçiriler we oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 170-den gowragy, ýerli kompaniýalaryň 90-a golaýy gatnaşar. Çykyş etjekleriň arasynda Türkmenistan hökümetiniň we halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň, döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri bolar. Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda (Çandybil şaýoly/143) adaty we onlaýn görnüşde geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çykyş edýänleriň we gatnaşýanlaryň köpüsi Zoom platformasynyň üsti bilen dünýäniň dürli künjeklerinden prezentasiýalara we çekişmelere gatnaşarlar.

Ulag – adamlary we halklary, ýurtlary, sebitleri we yklymlary birleşdirýän güýçli çeşmeleriň biri. Islendik döwletiň ulag ulgamy onuň soňky gutarnykly maksady bolman, eýsem, jemgyýetlerimiziň bitewi bolmagyny, kämil bilimiň, medeni gymmatlyklaryň we siwilizasiýanyň bähbitleriniň hemmeler üçin elýeter bolmagyny üpjün edýär. Döwletleriň arasyndaky ulag arabaglanyşyklylygy bolsa, söwdany, ylmy alyş-çalyşlary we senagat integrasiýasyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şol sebäpli, ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikeldiş meseleleri häzirki wagtda global ykdysady prosesleriň iň möhümi hökmünde Aşgabat forumynyň gün tertibine girizildi.

Bu konferensiýa pikir alyşmak üçin, baglanyşyklylyk strategiýasyny, sanlaşdyrma syýasatyny we pudagy dekarbonizasiýalaşdyrmak (uglerod zyňyndylaryny azaltmak),  ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça iň gowy çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ýurtlardan häkimiýet we işewürler toparlarynyň wekillerini, ýöriteleşen we bir ugurda iş alyp barýan kompaniýalary birleşdirer. Mundan başga-da, forum gyzyklanma bildirýän delegatlar üçin teklipleriň we taslamalaryň onlaýn ýa-da ýüzbe-ýüz ýagdaýda has jikme-jik gözden geçirilmegi üçin Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm wezipeleri eýeleýän işgärler bilen aragatnaşyk gurmaga esas bolup hyzmat eder.

Forumdan soň, 20-nji iýulda, oňa gatnaşyjylary Türkmenbaşy şäherine äkitmek we ol ýerde adybir port hem-de “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna syýahat we gezelenç guramak meýilleşdirilýär.

Halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça guralýar. Esasy guramaçylaryň hatarynda "Türkmendemirýollary", "Türkmenawtoulaglary", "Türkmendeňizderyayollary", "Türkmenhowaýollary" we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi bar.

Maslahat Türkmen  logistik assosiasiýasy we «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly maslahat “kümüş” hemaýatkärleri bolan “Türkmen Ak Ýol”, Ynamly ýol hyzmaty”, “Altyn döwür”; “bürünç” hemaýatkärleri – THADA,  “UlagExh”, “Mermer Kenar”, “At Abraý” ýaly türkmen kompaniýalarynyň hem goldawyna eýe boldy.

Goşmaça maglumat almak üçin we maslahata onlaýn görnüşde gatnaşmak üçin (hasaba alyş möhleti 17-nji iýula çenli) forumyň web-sahypasyna giriň.