"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Dost dogana uzaýan ýollar

Dost dogana uzaýan ýollar

Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen deňhukukly syýasy, ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin döwlet derejesinde möhüm işleri amala aşyrýar. Şol möhüm işleriň biri hem Türkmenistanyň ýol gurluşygydyr. Soňky gysga wagtda birnäçe demir ýollarynyň ýüzlerçe kilometrini gurmak bilen, ýurdumyz ýerleşişi boýunça Ýewraziýanyň has möhüm çatrygyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz Ýewropa bilen Aziýany ygtybarly baglanyşdyrmak üçin «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýlelikde, soňky ýyllarda Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň çäginden geçýän we bu ýurtlary birleşdirýän “polat ýolunyň” işe girizilmegi Ýewraziýa ýurtlarynyň ulag kommunikasiýasynyň birleşmegine, has dogrusy, Hytaý — Orta Aziýa — Kawkaz — Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag ugry bilen sepleşmegine şert döreder. 
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag ugry (TRASEKA) taslamasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy döwletara ykdysady bähbit bilen şertlenýär, çünki ýurdumyzyň bu Ylalaşyga goşulmagy bilen Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa deňiz menzilinden Ýewropanyň iri deňiz menziline çenli bolan aralyk hem häzirkisi bilen deňeşdireniňde iki essä golaý gysgalar. 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Ýewraziýanyň möhüm çatrygyna öwrülmek tagallasyny ýurdumyzyň içindäki ýollaryny gurmak, abatlamak işi bilen utgaşdyryp uly gerimde alyp barýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi hem Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda öňe sürülýän ilkinji maksatlaryň biri bolan, ýagny goňşy döwletlerimiziň arasyndaky söwda üstaşyr we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksadyna eýerip, birnäçe demir ýollaryny gurmakda uly goşant goşýandygyny bellemek has-da buýsançlydyr. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň, Turgundy — Serhetabat demir ýol şahasynyň hem-de Akina demir ýol stansiýasyny ösdürmek üçin täze 10 km demir ýol şahasynyň gurluşygynyň taslamalary ýerine ýetirildi. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň aralygynda geçirilen ini 1520 mm, uzynlygy 34 km bolan esasy demir ýoluň we onuň kesişmeleriniň gurluşygynyň taslama işlerine başlanyldy. Bu iki ýurduň arasynda hem-de olaryň çäklerinde beýleki daşary döwletlere ýükleri daşamak üçin integrirlenen ulag hyzmatlary hökmünde amatly mümkinçilikleri döreder. Türkmenistan döwletimiz goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit yklymlaýyn taslamalary amala aşyrmak, şeýle-de häzirki zaman ulag düzümlerini döredýändiginiň mysaly hökmünde «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi boýunça üstaşyr ýük gatnawlarynyň alnyp barylýandygyny bellemek bolar.