"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Garaşsyzlyk ýyllarynda demir ýol ulgamynda gazanylan ösüşler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günlerini başdan geçirýän Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Muny ýurdumyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işlerden hem görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň demir ýol pudagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly ösüşlere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň dünýäniň hem-de sebitiň ulaglar ulgamyna çekilmeginiň derejesine bagly bolup, bu ulgam döwletleriň arasynda maddy binýat we haryt dolanyşygynyň guraly bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň dünýä bazaryna çykmagy üçin Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň gurluşygyna turuwbaşdan uly üns berildi. Bu demir ýoluň 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda açylyş dabarasy bolup, şol gün Garaşsyz Bitarap Türkmenistan bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Bu demir ýol diňe bir Türkmenistan hem-de goňşy Eýran Yslam Respublikasy üçin peýdaly bolman, eýsem, daşary ýurtlaryň köpüsi üçin-de ähmiýetlidir. Bu ýol çekilenden soň Türkmenistana “polat ýollar” arkaly diňe bir GDA ýurtlaryna däl, eýsem, beýleki ýurtlara-da göni çykmaga mümkinçilik döredi.
Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň gurulmagy hem döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu “polat ýolunyň” gurulmagynyň esasy maksady ýurduň içinde ýolagçylary, ýükleri gatnatmakdan hem-de goňşy döwletler bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşygy ösdürmekden ybarat bolupdyr. Umumy uzynlygy 548 kilometr bolan bu demir ýoluň gurluşygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin ägirt uly ähmiýetli işleriň biri bolup durýar. Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň gurluşygyna girişilmegi asyryň dünýä ýaň salan desgasy hökmünde häsiýetlendirilip, dünýäde «Garagumuň Altyn halkasy» adyny aldy.
Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesini döretmek işleri iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda bu ulgamda durmuşa geçirilen has uly ähmiýetli taslamalaryň biri bolan Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky «köpri» bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesiniň döredilmegini görkezmek bolar. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda tutuş sebit üçin taryhy waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda bu halkara “polat ýolunyň” türkmen-eýran bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu ýoluň ulanylyşa berilmegi bilen ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmagy, harytlaryň getirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň ygtybarlylygy hem-de durnuklylygy häzirki döwürde dünýädäki umumy ýagdaýa, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine hem-de ugruna, ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýä ösüşine gatnaşmagynyň derejesine barha güýçli täsir edýär.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebitara we yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar. Şu babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry, ýagny Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) bölegi bellenmäge mynasypdyr. Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demirýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde gazanan ýene-de bir ýeňşi hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu wakanyň paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilen wagtyna gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has hem artdyrýar.
2018-nji ýyl hem demir ýol ulaglary pudagynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Mälim bolşy ýaly, ýylyň ilkinji günleri Çanşa — Altynköl — Bolaşak — Serhetýaka — Akýaýla — Inçeburun — Tähran ugry boýunça ýöreýän ýük düzümini ugratmak dabaralary bilen utgaşdy. Bu waka Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesine täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde möhüm ähmiýetiň berilýändiginden nyşandyr. Bu ýoluň hereket etmegi daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga hem-de sebitde we yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze kuwwatyny açmaga ýardam edýär.
2018-nji ýylyň fewral aýynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak dabaralary bilen birlikde, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralaryň geçirilmegi hem demir ýol ulgamynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň gurulmagy hem-de işe girizilmegi ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň, Türkmenistanyň goňşy owgan halkyna asuda ösmegine, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletleriň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edilmegi hem biziň ýurdumyzyň halkara giňişliginde ýokary abraýa eýedigini subut eden waka boldy. BMG-niň ÝYK-niň içerki ulag boýunça Komiteti (IUK) BMG-niň hökümetara edarasy bolup, awtomobil, demir ýol, ulaglaryň içerki suw görnüşleri, şeýle hem Ýewropa yklymynda utgaşdyrylan gatnawlar ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýär. Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümine girizilmegi biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýändigini dünýä bileleşiginiň ykrar edýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministrleri gatnaşdy. Bäştaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän maslahat «Lazurit» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge tarap ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini («Lapis Lazuli») döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge özüne Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini birleşdirýän giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Bu wakadan sähelçe gün geçensoň, ýagny 17-nji dekabrda paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, «Lazurit» (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. Islendik gyzyklanma bildirýän ýurt bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek, iň derwaýysy bolsa özara peýdaly esasda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Barha elektronlaşyp barýan global dünýädäki innowasion tehnologik özgerişler hem pudakda öz beýanyny tapýar. Çünki tehnologiýanyň barha ösýän zamanasy döwür bilen deň gadam urup, ýurdumyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda demir ýol pudagynyň elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýakynda ýolagçylar üçin onlaýn bilet hyzmatyny ýola goýmagy aýratyn bellärliklidir. Bu hyzmatyň işe başlamagy bilen ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan «Türkmendemirýollary» agentligi programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Bu onlaýn bilet ulgamynyň işleýiş ýeňilligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Täze gurlan ýollar ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyny, Türkmenistanda sebit ähmiýetli ýük gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkeziň döredilmegini şertlendirýär. Bu ugurda ýakynda taryhy ähmiýeti bolan wakanyň şaýady bolduk, ýagny Akina stansiýasynda gurlan goşmaça 10 kilometr demir ýol şahalary açyldy hem-de Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyna badalga berildi. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan täzeden gurlan demir ýoluň netijesinde bu ýoluň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de ýurda gysga we amatly ýol bilen import harytlaryny getirmek mümkin boldy. Gurluşygyna badalga berlen Akina — Andhoý täze demir ýol şahasy Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin ýene-de bir goşmaça şertleri döreder, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy ýurtlaryň bazarlaryna çykarylmagyna oňyn şertleri üpjün eder. Demir ýollaryň gurulmagy Owganystanyň Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna goşulmagyna we onuň üsti bilen tutuş sebite aralaşmagyna mümkinçilik döredýär. Bu ýollar Owganystany Türkmenistanyň üsti bilen Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletlerine baglanyşdyrar hem-de Ýewropa ýurtlaryna çykmaga şert döreder.
Hormatly Prezidentimiziň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi sebitiň döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykarylmagy bilen şertlendirilýär. Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hususan-da, Hazar sebitinde ykdysadyýeti ösdürmegiň täze nusgasyny döretmekde, ösdürmekde, degişli infrastrukturany emele getirmekde, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda örän amatly ýagdaýlary döredýär. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy Hazarýaka ýurtlarynyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşar. Şol maksat bilen hem birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag düzümleriniň ýolbaşçy wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm daýanjy bolan ulaglar ulgamy Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň arasynda oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm birleşdiriji halka bolup hyzmat edýär, bu gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösdürilýär. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi biziň döwletlerimiziň tapawutly aýratynlyklarydyr, bu bolsa üstaşyr ýükleri getirmek, logistika hyzmatlaryny etmek ulgamynda giň mümkinçilikleri açýar we «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça söwda geçelgeleriniň netijeli işini üpjün edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan “polat ýollary” arkaly, özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan “polat ýollary” hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatda eziz Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, halk bähbitli durmuşa geçirilýän taslamalar, halkara maslahatlardyr forumlar mysal bolup biler.