"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Teklipler esasynda taryhy ýadygärliklere zyýarat

Hormatly Ýolagçylar!

"Türkmendemirýollary" agentligi ýurdumyzyň çäginde tebigy ýa-da taryhy-medeni ýerleri görmäge isleg bildiýän raýatlara seslenýär!

"Türkmendemirýollary" agentligi şu ýylyň noýabr aýynyň 1-ne Aşgabat şäherinden Köneürgenç etrabyndaky ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek isleýän ildeşlerimiz üçin ýörite sapar gurnady.

Mundan beýläk ýolagçylarymyz ýurdumyzyň çäginde özleriniň ýeňillik bilen syýahat etmek isleýän taryhy-medeni ýa-da tebigy syýahatçylyk böleklerine bolan isleglerini "Türkmendemirýollary" agentligine hat üsti ýa-da internet sahypamyzyň habarlaşmak forumy arkaly bildiren ýagdaýlarynda bellenilen senelerde ýörite saparlaryň gurnaljakdygyny we bu saparlar hakynda maglumatlaryň internet sahypasynda halk köpçüligine ýetiriljekdigini size habar berýär!

"Türkmendemirýollary" - syýahat biziň bilen başlanýar!