"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Arkadag prezidentimiziň 
ulag diplomatiýasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, günsaýyn ösýär, özgerýär, üstünlikleriň iň täze sepgitlerine eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag pudagynda hem gazanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentlikleriniň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halky bu günki gün eşretli-bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymaty ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dabaralanýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ähli maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn ýagdaýda amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk zamanasynda eziz Watanymyzyň tanalmaz derejede ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň has-da artmagy dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty netijesinde Berkarar türkmen döwleti rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýady berkden tutulýar. Ýurdumyz özüniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini görkezip, ählumumy integrasiýa goşulyşýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ösüş depginleri bilen durnukly ösüş gazanýan ýurtlaryň hataryna girýär.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen ulag meseleleriniň netijeli çözülmegine gönükdirilen syýasy başlangyçlarynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Strategik häsiýete eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy ulag meseleleriniň dürli ugurlary boýunça ösdürilýär. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýalar möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan ata Watanymyzyň netijeli başlangyçlary döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn möhüm orun eýeleýän bu ulgamda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylykly daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, ýagny bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek arkaly amala aşyrylýar. Şeýle öňdengörüjilikli syýasat türkmen halkyna dünýädäki hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça jikme-jik we köpugurly gepleşikleri alyp barmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Arkadag Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokary derejelere göterilýär. Bu günki gün ulag pudagy durnukly ösüşi üpjün etmegi şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdiriji güýje öwrüldi. Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we tagallalary bilen ulag geçelgelerini döretmek arkaly Merkezi Aziýany sebit ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň başynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň (BMG-niň ÝYK) 80-nji mejlisi geçirilip, onuň barşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletini bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň şeýle abraýly guramanyň düzümine saýlanmagy hormatly Arkadag Prezidentimiziň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky öňe sürýän başlangyçlaryna halkara bileleşiginiň belent ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirilip, Ýewraziýa yklymlara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmeginiň, halkara ýük gatnawlarynyň ekologiýa we howpsuzlyk, halkara üstaşyr gatnawlarynyň hukuknama binýadynyň kämilleşdirilmeginiň meseleleri, ulag hyzmatlarynyň tehnologiýalaryna degişli innowasiýalar hakynda düýpli pikirler alşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda «Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat» dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu maslahatda durnukly ulagyň konsepsiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň maliýe netijeliligi, hereket howpsuzlygyny we pudagyň energiýa netijeliligini üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy, ählumumy ulag we logistika ulgamlarynyň ösmegine ýol açýan global mümkinçiliklere garaldy. 2017-nji ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahaty 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça geçirilen ählumumy maslahatyň özboluşly dowamy bolup, onda öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirildi. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işler adamlar hakyndaky aladanyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 2017-nji ýylyň
dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi we BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda ulag meselesi boýunça yzygiderli kabul edilýän Kararnamalar dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda ulag ulgamyna aýratyn orun degişli edilip, döwlet Baştutanynyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary we netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.      

Döwletimizde alnyp barylýan ulag-logistika syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä derejesinde hem dabaralanýar. Dünýäniň dürli künjegine uzaýan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan halkara awtoulag, howa, deňiz-derýa we demir ýollary gurlup, ulanylmaga berilýär, täze multimodal ulag geçelgeleri döredilýär. Şeýle ulag geçelgeleriniň biri-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesidir. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga («Lapis Lazuli» ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty bolup, forumda Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi, ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Hormatly Prezidentimiz: «Gadymy döwürlerde ýurtlary birleşdirýän hem-de halklary ýakynlaşdyrýan ýollary we köprüleri gurmagy sogap iş hasap eden türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. Halkara ulag we logistiki hyzmatdaşlygyny ösdürmekde halkara ulag geçelgelerine aýratyn ähmiýet degişlidir. Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ulag babatda onlarça halkara konwensiýalarynyň agzasy, halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça baglaşylan birnäçe halkara şertnamalarynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilini, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny, Kerki — Ymamnazar — Akina ugruny guramagyň ajaýyp taslamalary amala aşyryldy, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanylmaga berildi, şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlandy.

Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär. Bu günki gün ygtybarly ulag-üstaşyr geçirijileriniň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň çäginden iň gysga we amatly ýollar bilen ýüklerini, harytlaryny we ýolagçylaryny gatnatmaga isleg bildirýän dünýä ýurtlarynyň hem-de goňşy döwletleriň sanynyň barha artýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu zatlaryň barysy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynda sebit we döwletara ähmiýetli möhüm, iri taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de dünýä döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine itergi berýän hyzmatdaşlygyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.

Biz hem, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň zähmetsöýer işgärleri, Türkmenistan döwletimiziň dünýä sahnasyndaky at-abraýyny belende göteren, ýurdumyzyň pajarlap ösmeginiň beýik ruhlandyryjysy, ýol görkezijisi Gahryman hem mähriban Arkadagymyza döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ýaly belent maksatly beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Goý, Türkmenistan döwletimiziň halkara derejelerindäki at-abraýy mundan beýläk-de belende galsyn!