"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Halkara ýollarynyň altyn halkasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda Türkmenistan halkara geçelgeleriň ösdürilmegine uly goşant goşýar. «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta-Gündogar Aziýa çäginde ykdysady ulgamlary baglanyşdyrýan halka hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde halkara ulag kommunikasiýasynyň «altyn halkasyna» öwrülýän halkara ähmiýetli ägirt uly desgalar, demir ýollar, howa menzilleri, awtomobil ýollary, köprüler we ajaýyp deňiz porty guruldy. Bu oňyn işleriň beýanyny Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň golaýyndaky töwerekleýin estakadanyň merkezinde gurlan, beýikligi 28 metre barabar «Ýüpek ýoly» binasynda hem görmek bolýar. Bu binanyň gabadyndan her gezek geçeniňde Türkmenistanyň üstaşyr-ulag geçelgeleri ulgamyndaky tutýan ornunyň örän uludygy baradaky buýsançly oý-pikirlere berleniňi duýman galýarsyň. Binanyň Ýer şaryny alamatlandyrýan gurluşy, onda ýurdumyzyň halkara ulag ugurlarynyň — awtomobil, demir ýol, suw we howa ýollarynyň öz beýanyny tapmagy haýran galdyrýar.

Içgin oý-pikirlere berilseň, edilen işleriň ummasyzlygyna gözüň ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen diňe bir Amyderýanyň üstünden gurlan owadan we kuwwatly köprüler hem aýratyn bellemäge mynasypdyr. Köprüler ýurdumyzyň diňe bir durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, üstaşyr geçýän transmilli ulag geçelgeleri bolup hyzmat edýärler. Olar häzirki wagtda täzeden dikeldilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky amatly geçelgelere öwrüldiler. Sebit we dünýä derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Amyderýanyň üstünden gurlan köprüleriň geljegi has uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, köprüler ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine äkidýärler, parahatçylygyň we durnuklylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna tagallalary we hoşniýetli erk-islegleri birleşdirýärler.

Ulag-üstaşyr geçelgeleri ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berýär. Diýarymyzda dünýä ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegine, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Meselem, «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň gurulmagy Eýran, Gazagystan, Hytaý ýaly ýurtlar bilen biziň gatnaşyklarymyzyň ählitaraplaýyn ösmegine täsirini ýetirdi, dostluk-doganlygyň asyrlara uzaýan mizemez ýollarynyň gaýtadan dikeldilmegine badalga berdi. Bir söz bilen aýdanyňda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli geçelgesiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň birinji böleginiň, Serhetabat — Turgundy halkara demir ýolunyň gurulmagy millionlarça adamlaryň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýär. Bu ýollar sebitdäki ulag ulgamynyň ösdürilmegine, sebitde, Ýewraziýa yklymynyň tutuş giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň gurulmagy bilen Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini has berkitdi we amatly şertleriň çägini giňeltdi. Owganystanyň Hyrat şäherinden öz ýoluny başlan «Lazurit» ugrunyň amala aşyrylmagynda hem biziň döwletimize uly paý degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda Owganystandan ugran ilkinji ýük kerweni Türkmenistanyň çäginden geçdi. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi Aziýa yklymy üçin has wajyp ykdysady meseleleriň ençemesiniň oňyn çözgüdi bolup hyzmat eder. Dünýä jemgyýetçiliginiň oňyn pikirleri we goldawlary Türkmenistanyň başlangyçlarynyň halkara derejesindäki ýene-de bir ykrar edilmesidir.

Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň Aziýanyň bazarlaryna çykmaga bolan islegleri ýokarlanýar. Bu bolsa ähli taraplar üçin özara peýdalydyr. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen geljek üçin Baltika we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykmak arkaly, Gara deňziň sebiti hem-de Zakawkazýe bilen birlikde Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitindäki döwletleri birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadynyň tutulyp ugramagy örän üns bererlikli ýagdaýdyr.

Geljekde demir ýollaryň Günorta we Gündogar ugurlardaky ulag üpjünçilik ulgamlaryna birleşdirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa diňe bir bize däl, biziň goňşularymyza-da Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik berer.

Ýol gurmak, köpri gurmak hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen aýdyşy ýaly, iňňän sogaply işleriň biridir. Halkara derejede üstünlikli amala aşyrylýan şeýle iri taslamalar döwletimiziň ýöredýän syýasatlarynyň ynsanperwerlik mazmunyny has aýdyň açyp görkezýär.