"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Döwrüň alamaty polat ýollary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da senagat we kommunikasiýa toplumynda uly ösüşler gazanylýar. Medeni-ynsanperwer, söwda we ykdysady ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgam babatda geçirilýän yzygiderli maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda senagat we kommunikasiýa ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklaşdyrylmagyna täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde esasy pudaklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ulag pudagynda özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Bu ulgama degişli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň doly derejede kabul edýän yzygiderli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Olardan mysal hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynyň ösüşiniň esaslaryny döretmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasyny ýatlamak bolar. Ol şu ugurda kabul edilen üçünji halkara resminamadyr.

XXI asyryň ulag arhitekturasy — bu sebitleri, serişde, önümçilik we adam kuwwatlyklaryny birleşdirmegiň arhitekturasydyr. Türkmenistanyň binýadynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly ulag ulgamyny döretmek eýýäm iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda işe girizilen örän ähmiýetli taslamalaryň biri “Demirgazyk — Günorta” transmilli demir ýolunyň gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň demir ýol ulgamy Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta tarap barýan ak ýollara öwrülip, barha uzaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sebit, dünýä ähmiýetli ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Pars aýlagyna çykalgany üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara transkontinental demir ýolunyň gurluşygy hem şeýle taslamalaryň biridir. Bu ulag geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky başlangyç öz beýanyny tapdy.

Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem sazlaşykly we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine badalga berýär.

«Polat ýoluň» halkara transkontinental demir ýoly diýlip at almagynyň sebäbi onuň Ýewropa döwletleriniň demir ýollary bilen Aziýa döwletleriniň demir ýollaryny birleşdirýänligi bilen baglanyşyklydyr. Bu transkontinental demir ýoly Baltika döwletleriniň, Demirgazyk Ýewropa döwletleriniň, Ortaýer deňzindäki döwletleriň, Türkiýäniň, Zakawkaziýäniň, esasan, Pars aýlagynyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň merkezlerini birikdirer. Bu ýerde hem uly geoykdysady sebit emele gelýär.

Harytlary iberijileriň we ýük daşaýjylaryň isleglerini nazara almak bilen, Türkmenistan boýunça ýük otlularynyň gatnawynyň iki ugry hereket edýär. Gazagystan bilen serhetdäki Serhetýaka demir ýol menzilinden Eýran bilen günorta-gündogar serhetdäki Sarahsa çenli hem-de ozalky belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistan — Inçeburun (Eýran Yslam Respublikasy) menziline çenli ugurlar göz öňünde tutuldy. Ýollaryň gysgaldylmagy, ykdysady hyzmatdaşlyk babatda gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna itergi berýär, dürli ýükleriň bir ýerden başga bir ýere eltilmeginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar, sebitara haryt dolanyşygynyň bolsa düýpli ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Halkara demir ýollaryň gurluşygynda ýene bir giň gerimli taslamalaryň biri hakynda aýtmak gerek. 2013-nji ýylyň mart aýynyň 20-sine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda, şol ýylyň iýun aýynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Ine, 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň Kerki — Ymamnazar — Akina bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu halkara demir ýoly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we doganlyk ýurdumyz Owganystanyň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykmaga mümkinçilik döreder.

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermegi bilen Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alnyp baryldy. Bilşimiz ýaly, eýýäm geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak dabaralaryň çäginde Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň hem açylyş dabarasy boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň goňşy Owganystan döwleti bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

Ine, 2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganiniň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda ulaglar ulgamynda gazanylýan üstünlikler hakynda hem bellenilip geçildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz Serhetabat — Turgundy demir ýol gatnawynyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny we Türkmenistanyň bu ýoluň gurluşygyny Hyrat şäherine çenli dowam etdirmek baradaky gepleşiklere taýýardygyny nygtap geçdi. Şeýle hem häzirki wagtda Akina demir ýol menzilinde ýoluň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygynyň alnyp barylýandygy we türkmen tarapynyň bu demir ýoluň gurluşygyny Andhoý şäherine çenli dowam etdirmek boýunça tehniki-ykdysady taslamany taýýarlamak meselesine garamaga taýýardygy barada aýdyldy.

Kada bolşy ýaly, döwrebap «polat ýollaryň» gurulmagy hem-de menzilleriň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, olar bu ýoly bellenen wagtdan çalt geçýärler. Bu ýerde Bereket menziliniň hem durkunyň täzelenendigini belläp geçmeli. Bu ýerde iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen lokomotiw deposy ulanylmaga berildi.

Türkmenistan dünýäniň ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, has amatly ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlar we çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär. Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmaga, üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň we ýolagçylaryň gatnadylmagynyň has-da artdyrylmagyna uly mümkinçilikleri açýar.

Görşümiz ýaly, Türkmenistan möhüm ulag çatryklarynyň, ýagny Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara transkontinental demir ýolunyň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara multimodal ulag geçelgesiniň we başgalaryň merkezinde ýerleşýär. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, halklaryň arasyndaky medeni, ykdysady, ynsanperwer, doganlyk-dostluk, diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, yklymyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly ösüş gazanmaga giň mümkinçilikleri döreder. Ýurdumyzyň wajyp pudagynda alnyp barylýan beýik işler belent ösüşlerimiziň güwäsidir. Döretmäge, gurmaga şeýle mümkinçilikleri döredip beren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!