"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Diýaryň polat damarlary 
dünýä uzaýar

­Adamzat ösüşiniň ilkinji alamatlarynyň biri ýollaryň çekilmegidir. Çünki biz muny gadymy döwürlerden orta asyrlara çenli Gündogar bilen Ortaýer deňzini birleşdirýän esasy geçelge bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň mysalynda aýdyňlygy bilen görýäris. Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra, demir ýol ulaglar pudagymyz uly sepgitlere eýe boldy. Gurulýan «polat geçelgeleri» diňe bir bagtyýar ilatymyz üçin bähbitli bolmak bilen çäklenmän, munuň özi Garagum sährasynyň tebigy baýlyklaryny tiz we tygşytly peýdalanmak üpjünçiligini döretmekde hem örän ähmiýetli boldy. Bu günki gün gadymy bereketli Garagum hereketli sähra öwrülip, «polat ganatlaryny» il-güne giňden ýaýdy. Ol «ganatlar» diňe bir ýurdumyzyň çäklerine däl, eýsem, gadymy Ýüpek ýolunyň ugry bilen Çyn-Maçyna, Pars aýlagyna, Hindi ummanynyň kenaryna uzady. Bu bolsa sähranyň gujagynda ilatyň köpelmegine, ýerleriň özleşdirilmegine giň şertler döretdi. Mundan başga-da, demir ýollaryň ugrunda ýerleşýän ilatly ýerlerde döwrebap beketler gurlup, birnäçe iş orunlaryň döremegine getirdi.

Soňky çärýek asyr içinde Bitarap Diýarymyzyň «altyn halkalary» diňe ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem, dünýäniň çar künjegine uzaýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň iň uzyn böleginiň biziň ýurdumyzdan geçýän böleginiň açylyş dabarasyna köp wagt geçmänkä biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň, ýagny Kerki — Ymamnazar böleginiň ulanylmaga berilmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän güneşli Diýarymyzyň bu taryhy ýoly mynasyp dowam edýändigine doly şaýatlyk edýär.

Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde özboluşly inženerçilik desgalary halkara ulag ulgamynyň «altyn halkasyna» öwrüljek demir ýol düzümi hem giň gerim bilen gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir.

Hakykatdan hem, durnukly multimodal ulag geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzda döredilen logistik merkezler arkaly geljekde demir ýol toruny kemala getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär. Olar sebit we halkara derejede ykdysady ösüş gazanmaga hyzmat eder.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşmeginiň artykmaçlyklary ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerinden has amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Bu bolsa ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda giň möçberli alnyp barylýan çärelere hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky başlangyçlary ählumumy ösüş we gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň merkezine öwrülmegi babatdaky meýilleriniň amala aşmagyna laýyk gelýär we ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň döwrebap ulaglar ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde täze demir ýollar yzygiderli çekilýär, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, kuwwatly teplowozlar, ýük we ýolagçy wagonlary yzygiderli satyn alynýar, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri bolsa ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gysga möhletde iri halkara taslamalar durmuşa geçirildi. Demir ýol menzilleri, depolar, beketler hem-de möhüm inženerçilik-tehniki desgalar guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýär, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem ösüşiň we toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilýän häzirki döwründe durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän ulaglar ulgamy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň hem hukuk binýadynyň döredilýändigidir. Munda degişli işleriň döwlet tarapyndan dolandyrylyş hem-de hünärmenleri taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýändigini aýtmak bolar. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmek bilen, ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagynyň derejesine gönüden-göni täsir edýär hem-de ykdysady gatnaşyklaryň globallaşmak ýagdaýynda has wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Munuň şeýledigini ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda demir ýol gatnawlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýänligi, hormatly Prezidentimiziň sebitde we yklymda ählumumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň bähbidine ýeke-täk ulag we söwda giňişligini döretmäge gönükdirilen başlangyçlary hem tassyklaýar. Milli Liderimiziň bu pikiri BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde eden çykyşlarynda we halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň ulaglar ulgamyny uly ösüşlerdir özgertmeler bilen belent sepgitlere ýetirmekde ýadawsyz tagalla edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!