"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Dubaý şäherinde türkmen halysynyň we sogatlyk önümleriniň dükany açyldy

Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan kärhana döredildi. BAE-niň Dubaý şäheriniň syýahatçylaryň iň gelim-gidimli etraby hasaplanylýan çäginde ýerleşýän söwda merkeziniň içinden meýdany 84 inedördül metre barabar bolan dükan jaýy kärendä alyndy. Häzirki döwürde ony milli äheňde bezemek, türkmen halylary, haly önümleri, dokma hem-de sowgatlyk önümler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar - diýip, TDH habar berýär.

Bu kärhananyň üsti bilen bölek satuwdan başga-da Türkmenistanyň köp görnüşli eksport harytlarynyň lomaý söwdasyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Internet-söwdany ýola goýmak maksady bilen, bütindünýä ulgamda iňlis dilindäki sahypa açyldy. Şol bir wagtyň özünde türkmen halylaryny internetiň söwda meýdançalarynda ýerlemek mümkinçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Dubaý şäherindäki täze söwda dükanynyň açylyş dabarasyny şu ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde guramak meýilleşdirilýär. 

Turkmenportal