"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Awstriýa kompaniýalary bilen özara gatnaşygy giňeltmek maksady bilen

24-nji maýda Awstriýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky söwda wekili Rudolf Thaler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine geldi.

Birleşmäniň söwda, halkara bölümleriniň we TSTB-niň Awstriýadaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň birnäçe ugurlar boýunça özara gatnaşygyny giňeltmegiň meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge we täze gyzykly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän bilelikdäki biznes-forumlary, sergileri we duşuşyklary geçirmekligi dowam etdirmeklik babatynda gyzyklanma bildirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysady özara gatnaşygyň innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara aýratyn üns berip, bilelikdäki taslamalar bilen üstüniň ýetirilmelidigini biragyzdan bellediler.

Tstb