"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Halkara pul gaznasynyň wekilleri türkmen hususy işewürliginiň ösüşiniň oňyn depginini nygtap geçdiler

28-nji martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti bilen (HPG) duşuşyk geçirildi.

Dünýäniň öňdebaryjy maliýe guramasynyň wekillerini TSTB-ň başlygy, müdiriýetiň agzalary, Birleşmäniň halkara we ykdysadyýet bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem, “Rysgal” PTB-ň ýolbaşçylary kabul etdiler.

Duşuşygyň barşynda myhmanlara Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11  ýylynyň dowamynda gazanan giň gerimli üstünlikleri, onuň agzalary tarapyndan durmuşa geçirilen taslamalar we geljegi bolan meýilnamalar hakynda habar berildi. Şol bir wagtda, Birleşmäniň halkara gatnaşyklaryna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we daşary ýurtlara ibermek üçin niýetlenilen önümleriň önümçilikleriniň ösüşine, daşary ýurt söwda wekilhanalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Durmuşa geçirilýän geljegi bolan taslamalaryň hatarynda kaliý zawodynyň, “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy, şeýle hem, hususy ýyladyşhana hojalyklarynyň, guşçulyk fermalarynyň, TSTB-ň agzalary tarapyndan hususylaşdyrylan balyk pudagynyň kärhanalarynyň we ş.m. eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk hem ösdürilmegi agzalyp geçildi.

Telekeçileriň taslamalaryna maliýe taýdan hemaýat bermek boýunça “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň işi gürrüňdeşligiň aýratyn temasy boldy.                  2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň gatnaşmaklygynyň wajyplygy nygtalyp geçildi.

TSTB-ne birnäçe gezek gelen HPG-ň wekilleri türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň üstünlikleriniň oňyn depginli ösüşini nygtamak bilen, oňa ýokary baha berdiler.

Tstb