"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Diýarmyzyň «polat» ýollary dünýä uzaýar

Ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda dünýä derejesindäki ösýän dürli pudaklaryň hojalyklarynyň hataryna ynamly goşluşýar.  Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň aýry – aýry ugurlar boýunça aýratyn  ulag ulgamynda sanlyja ýyllaryň içinde halkara ülňelerine laýyk gelýän işleri dünýä nusgalykdyr.

“Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşini 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny halkara talapalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şöhrada beslenýän ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynda öz ornunyny tapýan esasy pudaklaryň biri bolan demir ýol ulaglary pudagynyň orny örän uludyr. Demir ýol ulgamynyň netijeli ýola goýulmagy Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biridir. Ygtybarly demir ýol gatnawynyň ýola goýulmagy ýurdumyzy senagat taýdan çalt özleşdirmegiň möhüm şertidir. Dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň esasy ugurlary barha kämilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da demir ýol ulag pudagy hem yzygiderli ösdürilýär.

Dünýä bileleşiginiň ulag ýollaryny özara bähbitli goşant goşmak uzak möhletleýin möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini nazarda tutulyp has-da ösdürmäge, öňde goýulan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn anyk ugurlarda bilelikde işlemäge çemeleşmeklik halkara ulag düzüminiň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Watanmyzda häzirki zaman demir ýol ulaglary düzümini kemala getirmek üçin uly serişdeler gönükdirilip, ýurdumyzy mundan beýläk-de, ösdürmegiň berk binýadynyň düýbi tutulýar. Sanlyja ýyllar içinde ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basyp başlady.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşiş artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, Watanymyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistik mümkinçiliklerden hem-de düzüminden has doly peýdalanmaga esaslydyr. Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrdy. Halkara ähmiýetli täze “polat ýol” şahalaryny gurmakda barha baý tejribe toplaýan türkmen demirýolçularyna bu günki gün näçe alkyş aýtsaňda, bärden gaýdýar.

Bu babatda Garaşsyzlyk ýyllarda gurlan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi – Tejen – Sarahs – Maşat halkara demir ýoly, milli demir ýol ulgamynyň esasy halkasyna öwrülen Türkmenabat – Kerki, ýurdumyzyň Demirgazyk we Günorta sebitlerini gysga ugur bilen birikdiren Aşagabat – Garagum – Daşoguz hem-de goňşy döwletlerimizi birikdirýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýollary, Amyderýaň iki kenaryny birleşdirýän Kerki – Kerkiçi, Türkmenabat – Farap demir we awto ýol köprüleri aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bu demir ýollar gelejekde Türkmenistanyň çägi bilen diňe goňşy döwletler däl, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlaryny, Pars aýlagyna, Ýakyn we Orta Gündogara, Hytaýa, Kawkaza, Ýewropa sebitlerinden geçýän ulag aragatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşmegine hem-de sebitara hyzmataşlygyň ösmegine esasan-da ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkidip halkara arenasyna çykmagyna hem uly itergi berer. Şeýle-de bu ýollar Ýuwaş we Hindi ummanynyň kenaryndaky deňiz portlaryna tarap polat ýollary goşmak arkaly dünýä bazarynda yzygiderli haryt alyşmalarynyň bökdençsiz we ygtybarly çykmak mümkinçiligini döretmeklik bilen birlikde Merkezi Aziýada täze geçelgeleri açar. Çünki dünýäde demir ýollar suw ýollaryndan soň ýükleri, ýolagçylary daşamakda ikinji orunda durýanlygy hemmä mälimdir.

Şeýlelik-de demir ýollar Watanymyzyň ykdysady mümkinçiliklerini ep – esli artdyrdy, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Möhüm dolandyryş, aragatnaşyk, ýaşaýyş – durmuş üpjünçilik ulgamlary bolan bu häzirki zaman demir ýol geçelgeleri ýurdumumyzy Ýewraziýa sebitinde “polat ýollaryň” uly çatrygyna, sebitiň iri ulag – üstaşyr geçiriş merkezine öwürmekde uly ädim boldy.  Milli Liderimiz halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýurdumyzyň ulag ýollaryny dünýä ulag ýollarynyň bitewi ulgamyna goşmak, ulag-logistika hyzmatlary bilen dünýä bazaryna çykmak ýaly dünýä bähbitli işleri özünde jemleýän asylly, döwletli başlangyçlarynyň buýsançly miwesidir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli edara – kärhanalarynynyň, şol sanda milli demir ýol ulgamyna inowasiýon tehnologiýalary ornaşdyrymak hem-de olaryň ulanyşyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Täze kämil döwrebap demir ýol şahalary gurulýar. Demir ýol ulgamyny kämilleşdirmek üçin dürli maksatly wagonlar, kuwwatly teplowozlar we beýleki tehnikalar satyn alynýar. Demir ýol pudagyna degişli öňki binalaryň ýerine täze inowasiýon tehnologiýalar bilen ornaşdyrlan kämil hem-de ýokary öndürijilikli kärhanalar döredildi.

2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Bereket demir ýol menzilinde “Demirgazyk – Günorta” yklymara ulag geçelgesiniň altyn halkasynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek maksady bilen täze gurlan lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda açylmaga berildi. Bu desganyň işe girizilmegi lokomotiwleriň we iş toparlarynyň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ýük we ýolagçy düzümleriniň hereketiniň tehniki howpsuzlygyny üpjün etmek işine gatnaşýan işgärler üçin oňaýly şertleri döretdi. Gazagystan –Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän lokomotiw deposy Ýewraziýanyň sebitara ulag –üstaşyr aragatnaşyk ulgamynda bu ýoly netijeli ulanmakda, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda – ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de berkitmekde uly ähmiýet berer. Bu babatda demir ýol ulgamynyň önümçiligine dünýä derejesindäki gazanylan üstündikleri öz wagtynda ýerlikli peýdalanmak meselesi ör boýuna galýar.

“Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2018 – 2021-nji  ýyllar aralygynda ösdürmegiň esasy ugurlarynyň maksatnamasyna” laýyklykda Watanmyzdaky esasy demir ýol geçelgelerinde otlularyň depginli hereket edýän bölegi bolan Türkmenabat – Mary – Aşgabat – Türkmenbaşy aralygyny düýpli abatlamak, şeýle hem gelejekde  elektrikleşdirilen demir ýollary gurmaklyk meýilleşdirilmeklik göz öňünde tutulýar.

Meýilleşdirilýän işler – häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan zerurlukdyr. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň ygtyýarynda döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň bolmagy, işleriň sazlaşykly guralmagy bu iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa otlularyň hereketiniň ortaça tizliginiň we hereketiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna ýollaryň geçijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Gazanyljak üstünükler Watanmyzda multidimodal ulag düzüminiň çäklerinde, halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň doly kuwwatynda ulanylmagyna giň ýol açar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda demir ýollarynyň gatnawynyň elektrikleşdirilmegi aýratyn häzirki zaman üns bermeli meseleriň biri bolup durýandyr. Bu soragy üstünlikli amala aşyrmak ülkämizde daşky gurşawy aýap saklamaklyga uly goşant goşar. Hasaplamalara görä lokomotiwleriň dizel hereketlendirijisinde 1 tonna dizel ýangyjy harç edilende daşky gurşawa ortaça 16-18 kilogramm gurum, azodyň okisleri, kükürtli gaz hem-de birnäçe zyýanly maddalar zyňylýanlygy hemmä mälimdir. Elektrikleşdirilen demir ýol desgalarynyň bina etmegiň ýenede bir artykmaçlygy, lokomotiwleriň tehniki taýdan ulanyş derejesiniň ygtybarlygyny ýokarlandyrar hem-de hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly derejede uly mümkinçilik berer. Otlularyň ýokary tizlikde hereket etmegi üstaşyr geçirilýän ýükleriň bellenilen wagtda eltilmegini hem-de olaryň ykdysady taýdan ýurdumyza uly girdejileri getirjekdigi ikuçsyzdyr. Şonuň ýalyda ýolagçylary gatnatmagyň medenýetini hem-de olara edilýän hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň  ýaşaýyş – durmuş derejesini gowlandyrmagy  ugrunda alyp barýan tutumly işleri üstünliklere beslensin, jany sag bolsun, il- ýurt bähbitli, döwletl ähmiýetli işleri mundan beýläk rowaç alsyn.