"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Hususy pudak ösüşiň durnukly depginlerini görkezýär

Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda öndürilen önümiň umumy möçberindäki paýy 63,3 göterimden ybarat.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary senagat önümleriniň önümçiliginiň möçberini 13,1 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberini 5,8 göterim artdyrdylar.

TSTB-niň agzalary birnäçe önümçilik desgalaryny ulanyşa girizdiler, iri gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine girişdiler, ýagny, olaryň hatarynda “Aşgabat-Türkmenabat” awtomobil ýolunyň, Kerkidäki täze howa menziliniň, ýaşaýyş toplumlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy.

Hökümetiň 12-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň işine ýokary baha berdi. Hususy pudagyň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagynyň wajyplygyny nygtamak bilen döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň kämilleşdirilmeginiň we ykdysady ösüşiniň wajyp şerti hökmünde ýerli işewürligi goldamagyň we ösüşiniň indiki tapgyry boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde 15-nji aprelde geçirilen ýygnaklaryň barşynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemi, şeýle hem, döwlete degişli bolmadyk pudagyň mundan buýana ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.