"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Garaşsyzlyk — belent maksatlaryň, üstünlikleriň aýdyň ýoly

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Munuň özi bir hakykaty ýene bir ýola aýan edýär — her bir maksadyň durmuşa geçmegi täze maksatlary döredip, bellenilen menziliň üstünlikli geçilmegi arkaly täze ýollar, täze menziller açylýar.

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatly binýadynyň döredilendigine eýýäm gurlan, şeýle hem demir we awtomobil ýollarynyň giň ulgamynyň gurulmagyny alamatlandyrýan müňlerçe kilometrlik ýollaryň taslamalary, ozal bar bolan deňiz we howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeleriniň gurulmagy, aragatnaşyk hyzmatlarynyň häzirki zaman gönüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek baradaky yglan eden başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny, durnuklylygy we howpsuzlygy, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge uly goşant bolýar. Bu ulgamda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Berkarar döwletimizde şan-şöhrata, buýsanja beslenýän günleriň, aýlaryň, ýyllaryň bir-birinden parhyny duýmak bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllygy dabaraly bellenip geçilýän üstümizdäki şöhratly ýylda ähli pudaklar boýunça gazanylan üstünliklere ser salanyňda, her geçen aýyň parhynyň köpdügine ýene-de bir ýola şaýat bolýarsyň.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ulaglar ulgamynyň takyk işi Türkmenistanyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän kesgitleýji ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Häzirki eýýamda bu pudaga ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň hili we ygtybarlylygy babatda ýokary talap bildirilýär. Bu hem netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, transkontinental üstaşyr-ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Giňişleýin düzümdäki hökümet mejlisinde berlen hasabatlarda aýdylyşy ýaly, degişli döwürde ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça geçirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ösüş depgini hem artdyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiziň ulaglar ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ulaglar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä götermäge ýardam berer. Bu Türkmenistanyň ulaglar ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümlerine işjeň goşulyşmagyna, iri logistika merkezleriniň döredilmegine, sebit intermodal ýükleri daşamagyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge hyzmat eder.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanylmaga berilýär, olar Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän sebit we sebitara ulag ugurlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň köpugurly ulgamyny dikeltmekde möhüm ähmiýetli ädimlerdir.

Üstümizdäki şöhratly ýylymyzda hem birnäçe iri halkara taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Ýeri gelende, «Türkmenistan–— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat — Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen Türkmenabat şäheriniň täze howa menzili her geçen günüň, aýyň halkyň ykbal kitabynda tylla harplar bilen ýazylyp, geljegiň egsilmez ylham çeşmesine öwrülýändigini tassyklaýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze binalar toplumynyň işe girizilmegi ulag gatnawlarynyň has ýokary netijeliligini üpjün etmek, içerki, üstaşyr we eksport-import gatnawlarynda gatnadylýan önümiň bahasynda ulag düzüminiň paýyny azaltmakda uly ähmiýete eýedir.

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, geçip barýan günler, aýlar ösüş-özgertmeler, üstünlikler bilen bir-birinden parhlanýan bolsa, diýmek, öňümizde duran her bir gün-aýlarymyz bizi belentden-belent maksatlara, üstünliklere ýetirjekdigine ýürekden ynansa bolar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňde goýan maksatlarynda biziň her birimiziň ýörejek ýollarymyzyň çyragy bar.