Rowaçlygyň aýdyň ýoly
12 February 2019

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda beýik ösüşlere, möhüm çözgütlere we taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içerki we daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen döwletiniň abraýy ýokary derejelere göterilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze depginlerde ösmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna getirýär.  Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň, inženerçilik desgalarynyň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ulaglar ulgamynyň öňünde goýan wezipeleri diňe ýurt bähbitli bolman, eýsem, sebit we dünýä döwletleriniň hem ykdysady ösüşine uly ýardam berer. Täze çekiljek demir ýol şahalary, awtomobil ýollary ýurdumyzda ýük we ýolagçy dolanşygyny has-da artdyrar. Üstaşyr ýol geçelgeleri bolsa ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyklaryny berkider. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir ymarat, her bir bina, her bir desga Watanymyzyň binagärlik keşbine özboluşly gözellik goşýar. Paýtagtymyzda we Türkmenabat şäherinde Halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň we başga-da birnäçe iri desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ulaglar toplumynyň binagärlik we maddy-tehniki düzüminiň barha berkidilýändigine şaýatlyk edýär.

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady ulgamlarda hem düýpli özgerişleriň, ösüşleriň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli gurlan binalaryň, desgalaryň, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän söwda merkezleriniň, bazarlaryň, kitaphanalaryň, seýilgähleriň, medeni dynç alyş merkezleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş merkezleriniň, şeýle-de birnäçe desgalaryň haýsy birini alyp görseň-de, olarda halkymyz üçin edilýän aladalary duýmak bolýar.

         Köpri gurmak, ýol gurmak sogap işleriň biri hasaplanylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda geografik we ykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen ata Watanymyzyň Ahal ýaýlasynyň çäginden başlanýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy halkymyzy buýsandyran wakalaryň biri boldy. Döwrebap tehnologiýalar esasynda guruljak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinde ýerleşýän çatrykdan başlanýar. Bu ýerde ýol-ulag ulgamyna degişli binalar, ýagny ýol gözegçilik gullugunyň binasy, elektron töleg merkezi, dynç alyş meýdançalary ýerleşer. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, gurluşyk işleri üç tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyr Aşgabat — Tejen bölegi, ikinji tapgyr Tejen — Mary bölegi, üçünji tapgyr Mary — Türkmenabat bölegi bolup durýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly halkara ülňülerine laýyklykda gurlup, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berler.

         Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag üçin hereket zolagy we bir ätiýaçlyk zolagy bolup, garşylyklaýyn ugurda hem şu zolaklar bolup, ýoluň umumy ini 34.5 metre barabar bolar. Ýol hereketiniň aýry ugurlarynyň arasyny bölýän howpsuzlyk zolagy hem göz öňünde tutulandyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda demir ýoluň, derýanyň, awtomobil ýollaryň, sil akabalarynyň, zeý suwly kanallaryň üstünden geçýän birnäçe köprüler we desgalar gurlar. Bulardan başga-da, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeler, jandarlar üçin ýörite geçelge ýollary hem gurlar. Ýoluň ugrunda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri, ýangyç guýulýan beketler, ulanyş gullugynyň binalary, kempingler, naharlanyş nokatlary, ulaglar üçin duralgalar, giriş-çykyş nokatlary, töleg merkezleri aragatnaşyk ulgamynyň binalary hem gurlar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanmagy bilen, täze iş orunlarynyň birnäçesi dörediler, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak mümkinçiligi artar. Bu günki gün gözel paýtagtymyzyň keşbine nazar aýlasaň ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşine magat göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki Aşgabat beýik abraýa we şöhrata eýe boldy. Paýtagtymyzda geçirilýän dürli halkara forumlar, gurulýan döwrebap myhmanhanalar, edara binalary, sagaldyş we dynç alyş öýleri, medeniýet ojaklary, sport desgalary, giň we aýna ýaly dury ýollar şol hakykatyň aýdyň şaýadydyr. Aşgabat özüniň milli-medeni, syýahatçylyk we ykdysady ösüşi bilen dünýäniň kartasynda peýda bolan merjen şäher hökmünde taryha girýär. Bularyň ählisiniň özeninde halkyň aladasy, bähbidi we bagty bar. Gurulýan her bir bina we desga amatly şertleri bilen birlikde, bu güne çenli hiç bir binagärlik sungatynda gaýtalanmadyk ajaýyplygy, göwünlere ylham we gözlere nur paýlaýan özboluşly gözelligi bilen haýran galdyrýar.

Arkadag Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan  beýik  ösüşler  döredijilik  mümkinçiligini  artdyrýar, aň-bilim derejesini ýokarlandyrýar, hünäri kämilleşdirmäge, halal zähmet çekmäge, ukyp-zehini ýüze çykarmaga höwesi we islegi güýçlendirýär. Watanymyzyň abraý-mertebesiniň hem-de ösüşlerimiziň beýgelmeginiň hatyrasyna yhlasly okamak, joşgunly zähmet çekmek her bir raýat üçin mukaddes borçdur we belent derejedir. Halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuşy ugrunda taýsyz aladalary edip, täze üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!