ÝURDUMYZYŇ ULAG-LOGISTIKA SYÝASATY DABARALANÝAR
25 January 2019

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işi üstünlikli dowam etdirilýär. Şol başlangyçlaryň biri hem ulag-logistika ulgamynyň has-da ösdürilmegidir.

 

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara bileleşiginde giňden makullanylýar we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalary kabul edildi. Döwletimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Bu halkara resminamalarynyň esasynda 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan BMG-niň 2019-2020-nji ýyllar üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň agzalygyna saýlandy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatsiýasynda döwrebap halkara ulag logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Ulgamda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda, Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň altyn halkasydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwüren altyn ýoldur» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň ykdysady giňişligine, ulgamyna girmegiň we ony ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.

Gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, milletleri biri-birine ýakynlaşdyrýan medeni gatnaşyklary ýola goýýar we parahatçylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen halkara gatnaşyklary üstünlige rowaçlandyrýar. Täze taryhy eýýamda bolsa yklymlara ýollaryň çatrygynda ýerleşen ýurt hökmünde onuň ähmiýeti has-da artdy.

Ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi. Mundan başga hem, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek babatda teklipleri taýýarlamak boýunça ýörite Pudagara topary döredildi. Ulag ulgamynda ulagyň işine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başga-da birnäçe anyk çäreler amala aşyrylýar.

Ulag-üstaşyr ulgamynyň ilkinji hatarynda demir ýol pudagy durýar. Ol beýleki ugurlar bilen birlikde uly üstünlikleri gazanýar. Munuň şeýledigine, demir ýol ulgamynda Eýrana, Türkiýä, Ýakyn we Uzak Gündogara ulag ulgamyna gysga ýoly açan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýol geçelgesiniň, şeýle hem bu ugurda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagy şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň işe girizilmegi halkara ähmiýetli waka boldy. Ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegi boljak Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman geçelgesi ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş eder. Häzirki wagtda bu ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika stretegiýasynda aýdyň şekilde beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda täze Halkara howa menziller guruldy, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň ilkinji nobatdakysy Kerki — Ymamnazar — Akina ugry, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli gara ýoly çekilip başlandy, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty guruldy.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň ulag toplumynyň ösüşine güýçli itergi berdi. Häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm halkasy bolan bu port Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmalydyr, yklymda köpüsi Türkmenistanda birigýän ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmelidir.

Portuň düzüminde gämi gurluşyk we gämi bejerýän zawodyň açylmagy ösen milli deňiz flotuny kemala getirmegi çaltlandyrmak boýunça iň möhüm wezipeleriň maksatlaýyn we şowly çözülýändiginiň subutnamasydyr.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmagyň we hilini gowulandyrmagyň, bar bolan ähli önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmegiň we olaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ulaglaryň we aragatnaşygyň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlary ösdürmegiň hasabyna ýurduň ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Türkmenistan ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda ilki bilen çykyş etmegi hem-de olary durmuşa geçirmegi dowam edýär.

Türkmenistan yklymyň uly ýollarynyň çatrygyndaky artykmaçlygy ýurdumyza ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde milli ulag serişdelerini bähbitli amala aşyrmaga, milli medeni mirasymyzyň baýlygynyň ähmiýetini halklaryň ynsanperwer ruhy gatnaşyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda alnyp barylýan halkara ähmiýetli işleriň netijesinde Ýewraziýanyň sebitara ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmäge, ony netijeli peýdalanmaga, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!