Demir ýol ulgamyny kamilleşdirmegiň ýollary
15 December 2018

Demir ýol ulgamyny kamilleşdirmegiň ýollary

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan, ýokary derejede ynsanperwerlikli halkara ulag syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, BMG-niň Durnukly ulag ulgamynyň çäklerinde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek üçin köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu ugurda esasy orunlaryň biri-de demir ýol pudagyna degişlidir.

Mähriban Diýarymyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilýän döwründe demir ýol ulaglary pudagynda netijeliligi hem-de düşewüntliligi ýokarlandyrmak örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu babatda esasy çäreleriň hatarynda önümçilige täze tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, ylmy-guramaçylyk işlerini, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleleri görkezmek bolar.

Demir ýol boýunça hereket beýleki ulaglara görä ygtybarlylygy hem-de amatlylygy bilen tapawutlanýar. Demir ýol ulagy boýunça ýolagçy gatnawynyň we ýükleriň daşalyşynyň amatly şertlerde üç essä çenli arzan düşýändigi mälimdir.

Häzirki wagtda köpugurly halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, esasan, ýolagçy gatnawlarynyň, şonuň ýaly-da daşalýan ýükleriň mukdarynyň köpelmegi bilen demir ýol ulaglarynyň hereket tizligini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Ýöne demir ýol relslerinde ýöreýän ulaglaryň tizlikleriniň aşa ýokarlandyrylmagy, esasan, hereketiň howpsuzlygy we demir ýoluň ygtybarlylygy bilen çäklendirilýär.

Dünýä tejribesine laýyklykda, bar bolan ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen häzirki zaman tehnikanyň we tehnologiýalaryň ýeten derejesinde, ýakyn geljekde relsde ýöreýän ýük otlularynyň tizligini 120 km/sag-a., ýük refrižeratorynyňkyny 140 km/sag-a., ýolagçy otlularynyňkyny 160-180  km/sag-a., ýöriteleşdirilen ýokary tizlikli ýollarda ýolagçy otlularynyň hereket tizligini 200-250 km/sag-a ýetirmek mümkinçiliginiň bardygyny ylym subut etdi.

«Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň we özgertmegiň 2017 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat — Türkmenbaşy we Aşgabat — Farap aralyklaryndaky demir ýollaryny düýpli abatlamak arkaly döwrebaplaşdyrmak (2017 — 2020-nji ýyllarda), Aşgabat — Türkmenbaşy aralygynda ýokary tizlikli demir ýoluny gurmak (2022 — 2030-njy ýyllarda) göz öňünde tutulýar. Şu işleriň amal edilmegi demir ýol pudagynyň tapgyrma-tapgyr ösdürilmeginde örän ähmiýetli bolar.

Goňşy döwletleriň, mysal üçin, Russiýa Federasiýasynyň tejribelerine laýyklykda, uzak aralyga gatnaýan dizel hereketlendirijili magistral lokomotiwleriň iş wagtynyň 35-45%, manýowr lokomotiwleriniň bolsa 80-85%-ne, golaýynyň ýüklenmesiz, ýagny boş işleýändikleri anykdyr. Şonuň ýaly-da teplowozlar ulanylanda lokomotiw hojalygynyň ulanyş harajatlarynda ýangyja sarp bolýan çykdajylar ähli çykdajylaryň (100%) 50-55%-ni düzýärler. Tehniki hyzmat we ýeňil abatlanyş çykdajylary, mysal üçin, 100 müň t/km brutto teplowozlarda 7,22 pul birligine (1980ý.), elektrowozlarda  bolsa 0,26 pul birligine (1980ý.) deňdir. Şu ýerde tapawut 3,5 esseden geçýär. Elektrik hereketlendirijili lokomotiwleriň teplowozlara görä iş ygtybarlylygy 2,3-3 esse ýokarydyr.

Lokomotiwlerde (teplowozlarda) oturdylýan dizel hereketlendirijileri ekologik taýdan arassa işläp bilmeýär. Dizel hereketlendirijisinde 1 tonna ýangyç ýakylanda daşky gurşawa ortaça 16-18 kilogram gurum zyňylýar. Dizeliň iş kadasyna baglylykda gurum çykarylýan zäherli maddalaryň 90 göterime çenlisini düzýär.

Häzirki wagtda ýyllyk hasabatlara laýyklykda, ýurdumyzyň demir ýol pudagynda ortaça 90 müň tonna dizel ýangyjy sarp edilýär. Ylmy-barlaglaryň maglumatlaryna görä, dizel hereketlendirijilerinde 1 tonna ýangyç ýakylanda 16-18 kilogram gurum daşky gurşawa zyňylýar diýsek, onda 1440 tonna (90000 x 16 = 1440000 kg) gurumyň daşky gurşawy hapalaýandygyny aýtmak bolar. Dizeliň işlän gazlarynyň düzüminde gurumdan başga-da beýleki zäherli maddalaryň: azodyň okisleriniň, kükürtli gazyň we ş.m.-leriň bardygy bellidir. Şonuň üçin dünýäde ulag ulgamynyň dizelleşdirilmegi hem hereketlendirijileriň çykarýan zäherli gazlary bilen daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmakda täze ekologik talaplaryň zerurlygyny ýüze çykardy.

Lokomotiw hojalygynyň ýangyç-ýaglaýjy serişdeleri bilen baglanyşykly çykdajylary ähli hojalyk harajatlarynyň 50-55 göterimini düzýändigini hem belläp geçmek gerek. Dizel hereketlendirijili lokomotiwleriň ýangyç üpjünçilik ulgamynda ýangyjy saklamak üçin ýörite 4000 — 5000 m3 göwrümli ýangyç gaplary, ýangyjy itekleýji hem-de ony belli bir temperaturada saklamak üçin enjamlar gerek bolýar. Şonuň ýaly-da hojalykda lokomotiwlere ýangyç bermek üçin ýöriteleşdirilen ulag düzümi, dizel ýangyjyny arassalaýjy enjamlar, ýangyna garşy göreş serişdeleri, gulluk-hyzmat jaýlary we beýlekiler zerurdyr.

Demir ýol ulgamynyň işleriniň amala aşyrylyş tehnologiýasynda haýsy görnüşli lokomotiwiň ulanyşynyň amatlylygyny kesgitlemekde tehniki-ykdysady görkezijilerden başga-da, berlen demir ýol arkaly amala aşyrylýan ýük dolanyşygynyň göwrümi hem möhüm orny eýeleýär. Ýük akymynyň mukdaryna baglylykda dürli hereketlendirijili lokomotiwleriň ulanyşynyň amatlylygyna seredilende, ýükleriň mukdary az bolanda, teplowoz ulanylanda daşalýan ýükleriň özüne düşýän gymmatynyň, esasan, pes bolýandygy bellidir. Ýöne daşalýan ýükleriň 8-8,5 mln t/km çäklerinde elektrik hereketlendirijili lokomotiwleri (elektrowozlary) ulanmak amatlydyr.

Tehniki, ulanyş, ekologik taýdan ygtybarlylygy üçin demir ýol ulagynda elektrik energiýasy bilen işleýän lokomotiwleri (elektrowozlary) ulanmaklygyň amatly boljakdygy düşnüklidir. Elektrik hereketlendirijili lokomotiw ýolda suwy sarp etmeýär, diýmek onuň suwsuz we ýangyç almazdan geçýän ýoly çäksizdir (şol bir wagtda, dizel hereketlendirijisi bolan lokomotiwiň geçýän ýoly çäkli bolup, 1500 kilometre çenlidir). Şeýle hem lokomotiwdäki iň ýokary kuwwat elektowozlarda 8825 kWt-a ýetýär (teplowozlarda bu ululyk 5882 kWt-a golaý bolup, tapawut 33,5%-e ýetýär).

Ulanyşdaky demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, täze demir ýollaryny gurmak, elektrik hereketlendirijileri bolan lokomotiwleri ulag düzüminde giňdeň ulanmak demir ýol pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga amatly şertleri döredýär. Şeýle-de demir ýollarymyzyň elektrikleşdirilmegi ýük we ýolagçy otlularynyň hereket tizlikleriniň artdyrylmagyna we demir ýollarymyzyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga şert döredýär.

DEMIR ÝOLDA ARAGATNAŞYK
ARKALY TÄZE HYZMAT

Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň esasy ugry bolan demir ýol pudagynyň işini döwrebap alyp barmak üçin pudaga innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, demir ýolda ýük daşamak we ýolagçylary gatnatmak hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen goşmaça amatlyklar we täze hyzmatlar ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, halka edilýän hyzmatlaryň hil derejesi gün-günden ýokarlanýar. Täzeçil usullar islendik ulgamda müşderilere edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän işler alnyp barylýar.

Ýakynda Demir ýol ulaglary ministrligi Aragatnaşyk ministrligine degişli «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde «Aragatnaşyk arkaly kämilleşdirilen habar beriş merkezi» atly täze hyzmaty ýola goýdy. Telekeçiler, edara-kärhanalar üçin ýola goýlan täze hyzmat barada gürrüň bermek üçin Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň ýükleri daşamak bölüminiň hünärmeni Sylapberdi Nurberdiýewe ýüz tutduk. Ol täze hyzmatyň aýratynlygy barada şeýle gürrüň berdi:

— «Meniň ilkinji nobatda ähli aladam halkym bolar» diýip, bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ösmegine goşant goşýan demir ýol ulaglary ministrligimizde hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Merdana demirýolçular barada uly alada edýän milli Liderimiz olaryň işlemegi, dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilip berilýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň edýän atalyk aladalaryna jogap hökmünde, ildeşlerimize ýük we ýolagçy hyzmatlaryny has-da ýokary derejelere galdyrmak üçin täze tehnologiýalary pudagymyza yzygiderli ornaşdyrýarys. Gysgaça aýdanymda, «Aragatnaşyk arkaly kämilleşdirilen habar beriş merkeziniň» döredilmegi ýük dolanyşygynyň işini kämilleşdirmek, gatnawlaryň wagtyny rejeli ulanmak ýaly wezipeleri bilen bagly bolup durýar. 

Müşderiler üçin ýola goýlan täze hyzmat barada aýdanymyzda ol «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama esasynda alnyp barylýar. Ýagny ýurdumyzda gurlan halkara üstaşyr demir ýol geçelgeleriniň üsti bilen daşary ýurtlardan gelýän ýük otlularynyň gatnaw rejesini hakyky wagtda (“onlaýn” tertipde) sargytçy müşderilerine “gysga habar” (SMS) arkaly habardar etmek hyzmaty ýola goýuldy. Bu SMS-de ildeşlerimiziň ýurdumyza getirýän halk hojalyk ýükleri baradaky maglumatlar habar berilýär. Has takygy, «Belgi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan düzülen ýörite programma üpjünçiligi arkaly ýükleri sargyt edýän telekeçilere, işewürlere, döwlet we hususy eýeçiligindaki kärhanalaryň wekillerine «0737» belgiden, mysal hökmünde, şeýle mazmundaky: «Demir ýol müşderisi! Siziň adyňyza 2 sany ýükli wagonyň Gypjak stansiýasyna 09.12.2018 ý. senede, takmynan, sagat 08:00-da barjagyny mälim edýäris» diýen mazmundaky habar ýollanýar. Bildiriş barandan soň müşderiniň belgisine müşderi öz ýüküni almak üçin haçan ýola düşmelidigini öňünden bilip bilýär. Häzirki wagtda bu hyzmat diňe daşary ýurtlardan gelýän ýükler üçin ýola goýuldy. Ýene-de sanlyja günden bu hyzmat ýurdumyzyň welaýatlaryna iberilýän ýükler üçin hem işläp başlar.

Sözümiň paýawynda «polat ýollar» arkaly ýurdumyzyň dost-doganlygyny pugtalandyrmak ugrunda şeýle-de demirýolçularyň alyp barýan işlerinde hiç hili bökdençsizligiň ýüze çykmazlygy üçin birnäçe işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Hünärmeniň beren gyzykly gürrüňlerinden soň biz demir ýol ulaglary pudagynyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde täze ýola goýlan hyzmatlar bilen tanyşmak üçin ýakynda welaýatlarymyzda iş saparynda bolan ministrligiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Didar Nuryýewe ýüz tutduk:

— Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler biziň her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Ýene-de sanlyja günlerden mübärek gadamy bilen garşylanjak täze 2019-njy ýyl bilen ornuny çalyşýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň her bir güni ykbal özgerdiji, buýsançly günlere öwrüldi diýsek ýalňyşmasak gerek. Sebäbi şu ýylyň dowamynda halkymyz üçin durmuşa geçirilen işleriň ählisi olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen.

Ýola goýlan täze hyzmat barada aýtsam, bu Awazadaky “Kerwen” dynç alyş merkezinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şypahanalarda demir ýol petekleri satylýan kassalaryň açylmagydyr. Myhmanhanada we şypahanalarda petek kassalarynyň ýola goýulmagy ildeşlerimiziň dynç almak we saglygyny berkitmek üçin baran ýerinden ýurdumyzyň dürli künjegine özüne amatly wagtda gaýdyş demir ýol peteklerini satyn almaga döredilen goşmaça ýeňillik bolup durýar. Şeýle işleri durmuşa geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ähli işleriň gözbaşynda halkyň bähbidi bar. Şonuň üçin gije-gündiziň dowamynda arman-ýadaman halkymyza medeniýetli hyzmaty alyp barýan demir ýol işgärlerine işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlaýarys.