BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY HALKARA ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNY KEMALA GETIRÝÄR
14 December 2018

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY HALKARA ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNY KEMALA GETIRÝÄR

 

Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry hasaplanýan ulag ulgamy milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ulaglar ulgamy dünýäni ählumumylaşdyrmak hadysasynda ýollary, ýurtlary ýakynlaşdyrmakda hem-de halklary dostlaşdyrmakda aýratyn orny eýeleýär, ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň möhüm şertine öwrülýär.

Muňa bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi hökmünde garamak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady doly pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda pudagyň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar amala aşyrylýar. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem pudaklaryň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, döwrebap ulaglar bilen maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli üstüniň ýetirilişi barada hasabatlar berildi.

Hakykatdan hem Türkmenistan ulag lar ulgamynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň uly gorlaryna eýedir. Mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyz bu bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak boýunça pudagyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary bermegi ýurdumyzda oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar, gara ýollar, täze deňiz we howa menzilleri, awtoulag terminallary Bitarap ýurdumyzdan dünýä uzaýan üstaşyr ýük akymynyň köp mukdarda artmagyna aýratyn ýardam berýär. Şol sebäpli ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda kuwwatly logistika merkezleriniň döredilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň ösen ulag ulgamy ýokary derejeli logistik halkara gatnawlar bazarynda ornuny berkidýär. Munuň özi dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň möhüm alamaty bolup durýar. Munda bolsa hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, öz işine ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Bu ugur boýunça ýurdumyzyň ulaglar we aragatnaşyk pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi — Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutydyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ýokary okuw mekdebiniň hünär hataryna “Logistika” hünäri girizilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş hünärmenleriň iş öwrenmeklerine we öz ugurlaryndan ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Şeýle hem bu ugurda bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi hem işjeň ulanylýar. Logistikanyň ylmy taýdan öwrenilmegi bilen Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň artjagy şübhesizdir.

Hut şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektoryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy ählimize mälim hakykat. Bu ugurda güneşli Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda ulaglar ulgamynda dünýä bileleşiginiň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk. «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň hem-de onuň yklymara ulag ugurly «Gündogar — Günbatar» birikmesiniň kemala gelmegi Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna Ýewropanyň, Ýakyn, Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta, Günorta — Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary giňden açýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýändigi täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan ulaglar we aragatnaşyk ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen halkara ykdysady gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amal edilmegi bilen täze taryh ýazylýar. Bu bolsa, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlaryň täze mazmuna eýe bolýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini halkara ulag logistika ulgamyny ýerine ýetirýändigi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende pederlerimiziň Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän ýükli kerwenleri, söwdagärleri güler ýüz bilen garşy alandyklaryny, olara azyk-suw berip, özara söwdalary ýokary derejede gurandyklaryny nygtamak gerek.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda daşary ýurtlar bilen guralýan hyzmatdaşlyk Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen geçen ugurlarynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň söwda ýollarynyň örän möhüm çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesiniň döredilýändigi, muňa häzirki wagtda çekilen we gurulmagy meýilleşdirilýän demir hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň hem-de täze gurulýan deňiz we howa menzilleriniň we olaryň öň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.